Bahar baslynyň gelmegi bilen türkmen sähralyklarynda al-elwan güller açylyp başlaýar. Gyzyl, sary, ak bagüller ynsanyň päkligini, agraslygyny, göwni açyklygynyň alamatlary hökmünde görküne görk goşýar. Türkmen halkynda toýdyr baýramlar goşa-goşadan gelýär. Bulardan ilkinji bolup türkmen tebigatyna çalym edýän häsiýetlere owadanlyga eýe bolan zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň baýramydyr. Şahyrlaryň, ýazyjylaryň waspyny etmekde söz tapmadygy tarapynyn näçe etsenem az galýan türkmen gelin-gyzlarymyzyn bahar baýramy ýurdumyzda giňden bellenilýär.
Zenan-bu seniň eneň, uýaň, gelniň, gyzyň. Zenan ýylgyrsa ähli aladalar unudulýandyr. Hoş söz olara beriljek iň gowy sowgatlaryň biridir. Agras, asylly, owadan, sada türkmen gözelleriň husnunda hyrydaram köp bolýandyr.
Ene-näçe gije balalary üçin ukusyz daňyny atardy. Çagasyny edepli-tertipli, il-gününi söýýän, ula-kiçä hormat goýýan, watanyny jany-teni bilen gorajak üçin näçe ýyllaryny sarp edýär. Mähriban enelerimiziň gelin -gyzlarymyzyň ýetip gelen halkara zenanlar baýramy bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn.
Durdynýaz GUWANJOWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby