Daş- töweregimizi gurşap alýan tebigat, ondaky bolup geçýän wakalar hem- de ondaky aýratynlyklar, meňzeşlikler hakynda günüň dowamynda adam birnäçe gezek pikir öwürýär. Bu elbetde tebigaty öwreniji ýa- da daşky gurşaw bilen has ysnyşan hünärmeniň ýagdaýy hakynda pikirleneniňde hem hut şeýle.

Tebigat özüniň gurluşynda ähli zatlar bilen sazlaşykly ýagdaýda üýtgeýär, aýratynlyklara geçýär. Görnüşlerini köpeldýär we azaldýar.Dünýäniň geň – taňlyklary, täsinlikleri örän köp. Tebigatda gazylyp alynvan baýlyklar hem – de suwasty, verasty wulkanlaryň hem, bevleki hereketdäki jisimleriň hem bir – biri bilen baglanşyklydygy düşnüklidir.

Şol bir wagtyň özünde hem tebigatda bolup geçýän täsinlikler örän köp dürlidir. Dogrusy ýer asty baýlyklaryň iň köpleriniň biri hem nebit känleridir. Nebit känlerinde, nebit ýataklarynda bolup geçýän özgertmeler hem ýerasty suwlar bieln hem berk baglanşyklydyr. Nebit ýataklarynyň dünýä ýüzünde öwrenilişi ýaly, tebiagtdaky suwlar hem-de wulkanlar, beýleki känler bilen birlikde öwrenilmeginden ötri, onuň adamzat durmuşynda tutýan orny hem uludyr.

Ynsan durmuşynda iň bir zerur şertler üçin niýetlenip, ýerasty baýlyk hökmünde gazylyk alynýan nebit ýataklary hem birnäçe çuňluklarda, suw içinde ýerleşmegi bilen dünýä täsinlikleriniň hatarynda görülýär.

Ýer asty minerallaryň ýatagynda emele gelen bu önüm tebiatdaky iň täsin, reňklere baý önümdir.Köplenç ýagdaýda olar suw giňişliginde ýerasy öýlerde ýerleşmesi hem suwdaky bir – birine täsir edýän çöketlikler bilen gönüden- göni baglanşyklydyr, diýmäge çaklamalar bar.

Dag- derýalar , ýerasty baýlyklar hemmesi bir- birek bilen gönüden- göni baglanşyklydyr. Daglar Aziýanyň üçden iki bölegini öz içine alýar.Dünýädäki derýalarynyň köpüsiniň daglardan gözbaş almagy bolsa, täsin tebiagtda ähli zatlaryň sazlaşýandygyny ýene bir gezek subut edýär.

Ýer ýüzünde käbir sebitlerde gazly wulkanlaryň emele gelmegi ýeriň jümmüşinde belli bir çuňluklarda öýjükli giň ýataklar bolup, geljekki gaz känleriniň döremegine sebäp bolup bilýändigini alymlar belleýärler.

Mundan başga-da, ýeriň ýüzüne çykan wulkanlaryň dürli çuňluklarda ýerleşen köp sanly nebit-gaz doýgunly gatlaklaryň baslygyp ýatmagy Çekişler sebitiniň geologiki şertlerini düýpli öwrenmek üçin peýdaly maglumatlaryň alynmagyna ýardam etdi.

Biziň ýurdumyzda hem gaz känleri üstünlikli öwrenilýär.Täze kuwwatly buraw desgalarynyň ulanylmagy guýulary 7000 metre çenli burawlamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, miosen plastlarynda buraw işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Umumy tebigatdaky her bir bolup geçýän özgerlişikleri öwrenmek her bir hünärmeniň anyk borjydyr. Biziň ýurdumyzda hem nebit we gaz känleriniň ýerlerini öwrenmek boýunça alymlarymyz hem-de hünärmenlerimiz uly işler alyp barýarlar. Bu bolsa, ýokary netijeliligi görkezýär.

Mekan HOMMADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.