11-nji martda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Saparynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyryndaky dürli maksatly binalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlar berildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy binalaryň açylyş dabarasy bilen birlikde, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna hem hemmetaraplaýyn esasda, ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belläp, täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda işläp, şähergurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezen we tapawutlanan ýerli gurluşyk kompaniýalaryna Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň binalarynyň gurluşyklaryny ynanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen desgalaryň dolandyryş düzümini döretmek, olarda degişli guramaçylyk işlerini alyp barmak meseleleri barada aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda degişli guramaçylyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmagy Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewden berk talap etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de Arkadag şäherine degişli ekerançylyk we üzümçilik meýdanlarynyň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bu ýerde zähmet çekýän kärendeçileriň öz işlerini ýurtda hereket edýän kanunçylyga, Türkmenistanyň «Ýer hakyndaky» Kanunyna laýyklykda dowam edip bilýändiklerini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Muhammet Salimow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň talyby