“Il saglygy-ýurt baýlygy” şygary astynda Türkmenistan ýurdy halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alyp barýan işleri häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýändigini aýdyp bolar. Il saglygyny ähli zatdan ýokary tutýan Türkmenistan döwleti ýokanç keselleriň öňüni alyş çärelerini geçirmek üçin ýörite hassahanalar, şypahanalar gurup ulanmaga berýär.
Şeýle ýokanç keselleriň biri bolan inçekesel iň gadymy we giňden ýaýran keselleriň biridir. Bu keseliň alamatlary barada maglumatlary Gippokratyň, Galeniň, Awisennanyň işlerinde tapyp bolýar. Mundan başga-da, 1882-nji ýylda nemes alymy Koh inçekeseli dörediji taýajygy açýar. Inçekesel taýajygy göteriji näsag adam ony töweregindäkilere ýokuşdyryp bilýär. Näsag gelýändigini, üsgürende, asgyranda, taýajyklary howa arkaly ýaýrap, sag adamynyň öýkenine düşüp biler.
Inçekesel dünýäde iň ganly ýokanç keselleriň biri bolup, onuň öňüni almak maksady bilen ilkinji gezek 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda döwlet baştutanlary BMG-nyň ýokary derejeli ýygnagyny geçirdiler we şol ýerde inçekeseli ýok etmek barada giňişleýin gürrüňler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilkinji Bütindünýä inçekesel güni 2020-nji ýylda, “Hereket etmegiň wagty” şygary bilen geçirildi.

Orazmyrat TOÝÇYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiñ
Halkara gatnaşyklary institutynyñ
Halkara hukugy fakultetiniñ I ýyl talyby.