“Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda adamlaryň arasynda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsuzlygy babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramagy wagyz-nesihat etmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylyp ýurdumyzda her birnäçe nahallar oturdylýar.
Ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmek, bar bolanlaryna ideg etmek asylly däbe öwrüldi. Oňa ýurdumyzyň raýatlarynyň uludan-kiçi hemmesi belent ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Bu ählihalk çäresi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmegiň umumadamzat işine uly goşantdyr.
Türkmenistan ekologýa ulgamynda halkara hzymatdaşlygyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy üçin amatly şertler döretmäge gönükdirilen öz döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garaýar. Durnukly şäherleriň ösdürilmegi, zyňyndy gazlaryň taşlanmagynyň we howanyň zaýlanmagynyň azaldylmagy, energiýa netijelilik we galyndylary durnukly dolandyrmak ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň uzak möhletleýin maksatlarydyr.
Her bir ynsanyň saglygy onuň baýlygydyr. Hormatly Prezientimiz, Arkadagymyz ýurdumyzyň her bir raýatynyň bu baýlyga eýe bolmagy üçin, ilatyň saglyk ýagdaýynyň düýpgöter gowulandyrylmagy üçin uly aladalar edýär, döwrebap enjamlaşdyrylan saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar, sport mekdepleri we stadionlar gurlup ulanylmaga berilýär. Raýatlarymyzyň arasynda ýokanç we ýokanç däl keseller barada düşündiriş işleri geçirilýär. Şeýle-de, semizlik, täze howply döremeler, ýokary gan basyş we süýjüli diabet keseliniň öňüni almak, fiziki işjeňligiň peýdasy barada degişli maslahatlar berilýär. Ilatyň jan saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesine göterilmegi saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine yhlasly zähmet çekmäge uly itergi berýär.
Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyñ saýasynda ajaýyp tebigatymyzy öwrenmek, goramak, ony baýlaşdyrmak meselelerine örän uly üns bermegi bilen, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli maksatnama durmuşa geçirilýär. Tokaý we seýilgäh zolaklarynyň meýdanlary ýyl-ýyldan giňeldilýär. Şeýle asylly işler sebit we dünýä möçberinde hem möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň Inžiner mehanika fakultetiniň talyby

RU



