Kärhananyň diňe bir marketing bölümini ýeňillikde sarp edijiler gymmatyny döredip bilýär. Käbir kärhanalar öz işinde öz standartlaryny işläp taýýarlanýarlar Käbir kärhanalar QSCV – quality servise cleanlines value standartyny öz işinde ulanylýar:
Quality – hil
Service – hyzmat
Clealines – arassaçylyk
Value – gymmatçylygy.
Kärhanalaryň köpüsi harytlaryň hili ýokary girdejiligi üpjün edýändigine düşünýärler. Bütin dünýäde Ýaponiýa ýokary hilli harytlary öndürmek boýunça birinji boldy. Bu babatda alym statistik Edward Deming ýaponlary ynandyrdy:
“Bäsdeşlik göreşde ýokary hilli harytlar güýçli gural bolup durýarlar” (II Jahan urşundan soňra).
Ýaponiýadan galmajak bolup, ABŞ 1980-nji ýyllarda hol uçin öz milli baýragyny yglan edýär: Malcolm Baldriage National Qualiti Award”
Ýewropa hem şol ýurtlardan galmajak bolup, hil üçin öz baýragyny yglan edýär 1993-nji ýyl “European Qality Award” hem-de “ISO – 9000” standartyny taýýarlaýar.
ISO 0 9000 – hili dolandyrmak we hili kepillerini üpjün etmek boýunça anyk halkara standartlarynyň toplumy. Köp kärhanalar hyzmat daşlygy ýola goýmak üçin ISO sertifikatyny talap edýärler. ISO sertifikatyny almak üçin kärhananyň harytlaryny (hyzmatlaryny) her 6 aýdan ISO-nyň ekspertleri barlaýarlar. ISO – 9000-i dünýäniň 160 ýurdy ykrar etdi.
Kärhanalar diňe bir alyjylaryň isleglerini öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem bäsdeşleriň hereketlerini hem öwrenmelidirler.
Bäsdeşleri seljermegiň tapgyrlary:

I tapgyr. Elbetde kärhananyň bäsdeşlerini ýüze çykarmak aňsat iş ýaly görünmeýär. Emma marketologlaryň pikirine görä bu işde kärhanalar şowalykdan gaçmaly, sebäbi bazarda gizlin bäsdeşler bolýar (невидимые – görünmeýän). (Britaniýa 2 200$, Microsoft Encarta CD – ROM 50$) Unilewer (ýuwyjy serişdeleri öndürýär) özüniň esasy bäsdeşini hasaplaýar. Gizlin bäsdeşi «Ретона» (Russiýanyň kompaniýasy).
II tapgyr. Haçanda kärhana öz bäsdeşlerini ýüze çykarandan soňra, ol ähli bäsdeşlerini strategiki toparlara bölýärler, ýagny gowşak bäseşleri aýry, güýçli bäsdeşleri aýry.
Durmuş tehniki pudagynda 2 sany strategiki topar:
Gowşak;
Güýçli.
Gowşak (General Electric, Maytag, Whirlpool – assortimenti köp, hyzmaty orta).
Güýçli (Kitchen Aid, Sub zero – assortimenti az, hyzmaty ýokary).
Mundan başga-da kärhanada bençmarketing giçirýärler.
Bençmarketing – kärhanalaryň harytlaryny we proseslerini, bäsdeşleriň harytlary we prosesleri ýa-da başga pudakdaky öňdebaryjy härhanalary harytlary prosesleri bilen deňeşdirmekdir.
III tapgyr. Elbetde gowşak bäsdeşlere hüjüm etmek aňsat. Ol az wagty we az serişdäni talap edýär, we netijeleri gowy bolýar, emma soňra kärhana güýçli bäsdeşler bilen pete-pet bolýar. Şonuň üçin marketing boýunça alymlaryň pikirine görä güýçli bäsdeşiň gowşak tarapyny ýüze çykaryp, şoňa hüjüm etmek (Banch & Lomb kompaniyasy Vistacon kompaniyasy Acuvue linzalary öndürýär, Jonson & Jonson kompaniýasy Vistacon-y satyn alyp, Banch & Lomb-a hüjüm edýär).
1980-nji ýylda Maýkl Portor 3 sany utuşly we 1 utulyşly bäsdeşlik strategiýalary hödürleýär:
Harajatlar boýunça hökmany artyklyk;
Ýöriteleşdiriş;
Jemleniş.
Harajatlar boýunça hökmany artyklyk strategiýasyny ulanýan kärhanalar bazaryň paýyny eýelemek üçin öz harajatlaryny edip, öz harytlaryna (hyzmatlaryna) pes nyrhlary belleýärler. Meselem Well-Mart, Dele Kompýuter şu strategiýany ulanýarlar. Well-Mart bölek-satuw söwdasynda öňdebaryjy kompaniýa;
Ýöriteleşdiriş strategiýasy ulanýan kompaniýalar bir haryt öndürmäge ýöriteleşip, bazaryň paýyny eýeleýärler (caterpillar, IBM).
Bäsdeşlik pozisiýalary:
Bazaryň öňdebaryjysy (40% ) – bazaryň uly paýyny eýeleýän kärhana bolup, bäsdeşlere görä haryt syýasatyna harytlary ýaýratmakda we söwdasyny herekete getirmekde artykmaçlykly işleýär.
Öňdebaryjylyga dalaşgär (bazaryň 30%) – bazaryň uly paýyny eýeleýän bolup, gazaply göreşi alyp barýan bazaryň öňdebaryjy bilen öňdebaryjy kärhanadyr.
Öňdebaryjynyň dowam ediji kärhanasy (bazaryň 20%) – bu pozisiýany eýeleýän kärhanalar bazaryň uly paýy üçin gazaply göreşi alyp barmaýarlar, olar pudakda rahatlygy saklajak bolýarlar we öňdebaryjylaryň işine öýkenýärler.
Bazar nyşanyna hyzmat edýän kärhana – (bazaryň 10%) bazaryň nyşanyny saýlaýarlar-da, şoňa hyzmat edýär.

Esenowa Dünýä,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünar okuw mekdebi