Bilim ulgamynda sanly bilimiň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynyň binýadyny pugtalandyrjak,ýokary hünärli, zehinli ýaş nesilleri taýýarlamakda ähmiýeti uludyr.Eziz Diýarymyzda bilim ulgamynyň işi döwrebap guralýar,innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Häzirki döwürde esasy üns innowasion tehnologiýalara gönükdirilýär.Tehnologiýanyň şeýle çalt depginde ösýän,kämilleşýän döwründe bilim almagyň esasy şerti şol tehnologiýalary öz durmuşyňa ornaşdyrmakdyr.
Çünki häzirki döwürde döwrebap bilimi kompýuter tehnologiýalaryndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl.Çalt depginler bilen özgerýän innowasion eýýamda ýaş nesliň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmaga ayratyn üns berilýär.
Häzirki wagtda bilim berlişiň hil derejesi halkara ülňülere laýyk getirildi.Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek,şeýle hem bilim-terbiýeçilik işiniň sazlaşykly alnyp barylmagy uly ähmiýete eýe boldy.Sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri ýurdumyzda ähli pudaklarda we ulgamlarda giňden ulanylýar.
Sözüň doly manysynda aýtsak häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary her birimiziň iň ýakyn we ygtybarly kömekçilermize öwrüldi.Şonuň üçin ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda çagalara we ýaşlara kompýuter boýunça bilim berilýär.
Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi ýaşlarymyzyň yhlasly okamaklaryna uly höwes döredyär.Biz- ýaşlara ylym-bilim öwrenmekde şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag,belent başlary aman bolsun.
Merdangulyýewa Güljahan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 112-nji toparynyň talyby

RU



