Arkadagly Serdarymyzyň giň möçberli özgertmeleriniň netijesinde öz ösüşiniň täze tapgyryna ynamly gadam urýan ýurdumyzda milli Garaşsyzlygymyzyň binýadyny berkitmek, döwlet berkararlygyny, halk bagtyýarlygyny üpjün etmek boýunça ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Milli mirasymyzyň iň gowy däplerine eýermek bilen, hormatly Prezidentimiz döwlet gurluşynda, ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda, içeri we daşary syýasaty durmuşa geçirmekde gymmatly halk tejribesini bu ugurda dünýäde gazanylan oňyn netijeler bilen utgaşdyrmak arkaly ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça düýpli özgerdýär, onuň şan-şöhratyny beýgeldýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeler ýurdumyzyň taryhynda görlüp-eşidilmedik giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, eşretlere baý, ak bagtdan paýly nurana eýýamymyzda halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek ýaly ajaýyp ýörelgeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mähriban ýurdumyz kuwwatly ösýär, özgerýär, özi hem şu özgerişler demokratiýanyň we syýasy köpdürlüligiň ýaýbaňlanýan şertlerinde amala aşyrylýar. Bähbitleriň sazlaşygy jemgyýetiň demokratik ösüşiniň şerti hem-de görkezijisi bolýar. Bu sazlaşyk syýasy köpdürlüligiň durmuş jebisligi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezýär.
Dünýäde iň gadymy halklaryň biri hasaplanýan türkmen milleti uzak asyrlaryň dowamynda döwletliligiň, agzybirligiň we jebisligiň arzuwynda ýaşap gelipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyzlygymyzyň hil taýdan täze tapgyrynda halkymyzyň bu arzuwlaryny wysala ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Serdarymyzyň ýokary derejede dowam etdirýän täze özgertmeleriniň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyz belent sepgitlere ýetýär. Täze eýýamymyzda millilik, watansöýüjilik duýgulary kämilleşýän jemgyýetiň aňyýetini kemala getirýär. Hormatly Prezidentimiz bagta beslenen döwletli döwrany peşgeş berýär, egsilmez eşretleri, abadan durmuşda ýaşamak üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Arkadagly Serdarymyz täze döwrümizde beýik ösüşleriň, rowaçlykly işleriň ruhlandyryjysydyr.
Ýurdumyzyň sebitlerinde eşretlerden peýdalanyp, bolelin durmuşda ýaşaýan il-günümiz şeýle bagtly döwri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda amala aşyrylýan beýik işler taryh üçin uly bolmadyk döwürde asyrlara barabar ýol geçýän, üstünlikler bilen ruhlanýan, günsaýyn gülläp ösýän abadan ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň göwünlerini ganatlandyrýar, buýsanjyny artdyrýar. Bu ajaýyplyklar bagtyýarlygy berkarar edýän Arkadagly Serdarymyz bilen halkymyzyň agzybirliginiň, bitewüliginiň aýrylmaz baglanyşygyny aýdyň görkezýär.
Asuda hem abadan durmuşda ýaşamak, bir maksada gulluk edip, at-abraý almak, dünýä ýüzünde şan-şöhrata eýe bolýan ata Watanymyzyň giň gerimli ösüşlerine guwanmak, ynsan mertebesini beýgeldýän, onuň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýän Arkadagly Serdarymyza buýsanmak uly bagt nesibesidir. Ajaýyp döwrümizde bagtyýarlygy peşgeş berýän Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, röwşen geljegimizi nurlandyrýan beýik işlerinde rowaçlyklar arzuw edýäris.
Allanazarowa Aýjahan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň mugallymy

RU



