Her sebit tebigy şertlere laýyklykda birnäçe ugurlara ýöriteleşen hem bolsa, käbir pudaklary ösdürmek daşarky ýagdaýlara bagly bolýar. Hat-da has netijeli işleýän ulgamlary öňe ilerletmekde-de çig mal, tehnika üpjünçiligi ýaly käbir zerurlyklary başga sebitleriň hasabyna üpjün etmeli halatlaryna juda köp duş gelinýär. Şunda iň kesgitleýji orun ulag-logistika ulgamyna degişlidir. Köpugurly ulag ulgamyny ösdürmezden, işjeň logistik hyzmatdaşlygy ornaşdyrmazdan dünýä ýüzünde durnuklylygy üpjün etmek, ähli ýurtlaryň deňagramly ösüşini sazlamak asla mümkin däl. Bu babatda biziň ýurdumyzda hem ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli milli maksatnamalar, şeýle-de ozaldan hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini gurmak boýunça geljegi nazarlaýan uly meýilnamalar durmuşa geçirilýär.
Merkezi Aziýanyň merkezinde, amatly geosyýasy, geoykdysady çatrykda ýerleşýän Türkmenistan döwletimiz ulag diplomatiýasyny işjeň ösdürmek arkaly öz mümkinçilikleriniň çygryny giňeltmegi başarýar. Ýurdumyz turuwbaşdan iri maýa goýumlary gönükdirmek bilen tehnikanyň hem tehnologiýanyň iň öňdebaryjy nusgalaryny ornaşdyrmaga, uly göwrümli taslamalary durmuşa geçirmäge girişdi. 2016-njy ýylyň noýabrynda Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň we 2018-nji ýylyň fewral aýynda Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň açylmagy, şeýle-de Demirgazyk — Günorta yklymara ulag geçelgesiniň halkasynda ýerleşýän Gazagystan –— Türkmenistan — Eýran demir ýolunda gatnawlary işjeňleşdirmek boýunça işleriň guralyşy ulag-logistika ulgamynyň möhüm ugry bolan demir ýollarynyň ýurduň çäginden çykyp, goňşy döwletlere uzandygyna şaýatlyk edýär.
Ýurdumyz Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa sebitleriniň arasynda transkontinental köpri bolup hyzmat edýär. Dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy netijesinde dünýä döwletleri halkara ulag geçelgelerini ýola goýmaga aýratyn üns berýärler. Bu babatda biziň ýurdumyz hem öz çäginde möhüm ulag merkezlerini döredýär. Ylaýta-da «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» geçelgelerinde esasy ugurlar boýunça ýollary birleşdiriji transmilli taslamalary amala aşyrmak döwrüň talaby hökmünde orta çykýar.
Bilşimiz ýaly, «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymyny öňe sürýän milli Liderimiz, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Maksatnamada ýurdumyzyň ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny ösdürmek, dünýäniň we sebitiň ulag-logistika ulgamlarynyň talaplaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň ýol-ulag Kodeksini taýýarlamak, ulag babatda halkara guramalar, şeýle-de BMG hem-de onuň sebitleýin komissiýalary, Halkara ekspeditorçylyk assosiasiýasynyň federasiýasy, Halkara howa ulaglary assosiasiýasy, Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy, Awtomobil ulaglarynyň halkara bileleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy, Halkara deňiz guramasy we beýleki halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek bellenilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň «Ýewropa — Kawkaz — Aziýa» (TRACEKA) halkara ulag geçelgesi Hökümetara komissiýa goşulmak boýunça işleri geçirmek hem-de multimodal gatnawlary — Ählumumy Üstaşyr Resminamany ösdürmekde köpugurly sanly çözgüdi ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek wezipeleri kesgitlenildi. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli iri halkara we sebitara taslamalary durmuşa geçirmekde halkara üstaşyr ulag geçelgelerini has-da işjeňleşdirmek babatdaky öňe süren teklipleri işlenip taýýarlanylan maksatnamada aýratyn orun eýelär.

Şirmyrat Atabaýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 1-nji ýyl talyby.