Aziýanyň merjeni bolan paýtagtymyzda uzalyp gidýän giň şaýolly köçeler bar. Islendik bir ýurt hakynda gürrüň edilende, ilki bilen onuň paýtagty göz öňüňe gelýär. Paýtagt — ýurduň merkezi, esasy ýüzi bolup durýar. Paýtagtyň gözelligi oňa gelýän syýahatçylarda şol paýtagtyň özi bilen birlikde, ýurdy hakynda hem ýakymly ýatlamalary galdyrýar. Şunuň esasynda hem her bir ýurt paýtagtyny ösdürmekde, özgertmekde, jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň köp gelýän merkezine öwürmekde ähli tagallalary edýär.
Türkmenistan döwletimiziň paýtagty gözel Aşgabat hem ak mermerli binalary bilen diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, bütin dünýäniň merjen şäheri hasaplanýar. Onda ýurduň iň kämil gurluşyk taslamasynyň, binagärlik aýratynlygynyň keşbi jemlenýär.
Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän ajaýyp binalaryň hatarynda «Ak şäherim Aşgabat» binasyny aýratyn bellemek gerek. Bu binanyň 2014-nji ýylyň 24-nji maýynda Aşgabadyň gününiň öňüsyrasynda hut Gahryman Arkadygymyzyň gatnaşmagynda durky täzelenen «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähi bilen bilelikde açylyş dabarasy boldy.
Türkmen paýtagtynyň merkezinde gurlan bu ajaýyp binanyň beýikligi 25 metre barabar bolup, ýokarsynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny alamatlandyrýan zeýtun şahajyklary şekillendirilipdir. Binanyň ikinji bölüminde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty alamatlandyrýan üç sütün bar. Üçünji bölüminde ýerleşdirilen üç sütün bolsa Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň we bagtyýarlygyň nyşanyny aňladýar. «Aşgabat — aşyklaryň şäheri» diýlip atlandyrylmagyndan gelip çykýan söýgini aňladýan altyn çaýylan ýüregiň şekili bolsa binanyň dördünji bölümini düzýär. Binanyň esasy sütüninde dikligine ýerleşdirilen göl şekilleri bar. Altyn harplar bilen ýazylan «Aşgabat» şol gölleriň içinde haşamlanyp ýerleşdirilipdir. Gözel paýtagtymyzyň ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigini alamatlandyrýan açylan kitabyň görnüşi «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň altynjy bölüminde ýerleşdirilendir. Binanyň töweregindäki suw çüwdürimleri, gezim edilýän ýodajyklar, ýanaşyk ýerlerindäki gök otly zolaklar, dynç almaga niýetlenen oturgyçlar bina özboluşly gözellik paýlaýar. Gijelerine dürli öwüşginli yşyklara beslenýän bu ajaýyp ýer, görenleriň ünsüni özüne çekýär.
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň Inžiner mehanika fakultetiniň mugallymy

RU












