2023-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Belgiýadaky, Niderlandlar Patyşalygyndaky we Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky ilçisi Sapar Pälwanow Brýusselde sazlaşykly haryt beýany we kodlaşdyryş ulgamy baradaky halkara konwensiýa Türkmenistanyň goşulmagy boýunça resminamany Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuriýa gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.
Bütindünýä Gümrük guramasy – bu dünýädäki gümrükhanalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça işleýän hökümetara guramadyr. Häzirki wagtda bu guramanyň 180-den gowrak agza döwleti bardyr.
Taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä Gümrük guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça, şeýle-de, Türkmenistanyň guramanyň maksatnamalaryna, gümrük işgärleri üçin okuw mümkinçiliklerini berýän hünär ösdürmek maksatnamasyna gatnaşmagy boýunça pikir alyşdylar.Ilçi Sapar Palwanow diňe bir gümrük amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrman, eýsem, gümrük we eksport-import amallarynyň aç-açanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän ýeke-täk penjire ulgamynyň Türkmenistanda işe girizilmegi ýaly ýurduň sanlaşdyrmak pudagynda kabul edilen çäreler barada gürrüň berdi.
Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak ugrundaky tagallalary üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi we guramanyň ýurda tehniki kömek hem-de goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Jemşit JEÝHUNOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.