Aşgabat şäheri gözel şäherleriň biri. Bu günki gün Magtymgulynyň arzuw eden zamanasynyň şäherleriniň biri.Häzriki döwürde Aşgabadyň gözel goýnunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň eteginden ak paýtagta seredip duran hereketine baksaň, taryhy bilen dünýä ýaň salan Aşgadaba beýik şahyryň guwanyp duran keşbi göz öňüňde janlanýar. Beýik Pyrgayny goýnunda ýürek ýaly edip guwanyp duran çemene meňzeş paýtagtymyzyň goýnunda bu ýadygärligiň dikilmegi bolsa, onuň baýramçylyga beslenýän gözel goýnuny has-da dabaralandyrýar we gözelligini öňküden hem artdyrýar.Aşgabat – ýönekeý bir şäher bolman, eýsem bu şäher gadymy siwilizasiýalaryň galyndylarynyň gapdalynda ýerleşýän, ösen medeni merkezler hem- de ykdysady we ylym ýolunda gurlan beýik medeniýete degişli nokatlaryň jemlenmesidigini bu gün subut edýär.Aşgabat- Askabat, Arşak abat, arsak abat- ýaly görnüşlerde at alandygyny taryhy çeşmeler tassyklaýar. Arşak- Ärsak- Ari- Ars- sözlerinden kök alyp gaýdýar. Ol sözde Arsak şanyň ady ýer alandyr. Öz taryhy bilen müňýyllyklaryň çuňlugyna aralaşýan Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň döredilmegine bu ýyl maý aýynyň 25- ne 142 ýyl bolýar.Aşgabadyň asly ady örän gadymy taryhdan, Türkmen topragynda müňýyllyklardan owal häkimlik süren patyşalyklary, beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän uly söwda nokatlary, kerwensaraýlary bolandygyny subut edýän esasy nokatlar onuň gapdallaryndaky,Köpetdag eteklerindäki ýerelere degişlidir.Aşgabadyň taryhynyň gadymylygyny , hat- da biziň eramyzdan öň 2-1 müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýandygyny ýüze çykarýar.Aşgabadyň adynyň antik bir köki öz içine almasy, onuň taryhynyň şöhratly,başynyň gökde, ýüreginiň toprakdadygyny subut edýär. Aşgabadyň taryhyny düzýän medeniýetler onuň eteklerinde ýerleşip, şu günki gün günümizde onuň özüne çekiji bir toprak bolmasynyň asyl mazmuny şundan ybaratdyr. Paýtagt- Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Nusaý galasy Aşgabadyň birnäçe asyrlar öň paýtagt bolmagyna täsirini ýetiren ilkinji nokatlaryň biridir.
Ýüpek ýolunyň bu ýerden geçmesi bolsa paýtagtyň ykdysady hem- de syýaýsy derejesini ölçeýär.Bu günki gün Aşgabat ösen döwletleriň içinde paýtagt derejesini aldy. Magtymguly Pyragynyň heýkeli bolsa, Aşgabadyň gözelligine öňküsinden hem ýokary gözellik berýär. Biz bu gün baýramçylyga beslenýän paýtagtymyzyň goýnunda Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň huzurynda öz ruhy dünýämiziň baýlygyna guwanýarys. Şeýle gözel baýramçylyklary belläp geçmäge, öz paýtagtymyzyň taryhyny öwrenmäge giň mümkinçilikler açýar Türkmen Halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdaýarys. Goý olaryň janlary sag- başlary dik, alyp barýan işleri rowaçlykalra beslensin!
ABDYÝEW ATAMYRAT
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň mugallymy

RU












