Ýurdumyzda bütin dünýäde giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň meşhur görnüşleriniň biri welosiped sporty täze ösüşlere eýe bolýar. “Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri hakynda” Kararyň kabul edilmegi sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegine, bar bolan düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, welosiped sporty bilen meşgullanmaga ilatyň giň köpçüliginiň çekilmegine uly itergi berýär.
Welosiped sportyny Türkmenistanda giňden wagyz etmek boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreleriň anyk netijelerini berýär. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Bütindünýä welosiped gününiň döredilmegi hakyndaky Rezolýusiýa kabul edildi we Türkmenistan onuň başyny başlaýjy bolup çykyş etdi. Dünýäniň 56 döwleti bu Rezolýusiýanyň awtordaşy boldy. Şol ýyl Aşgabat şäherinde “Bütindünýä welosiped gününe” bagyşlanyp, welosipediň ähmiýetini görkezmek maksady bilen iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy geçirildi. Şol sapaga 3 müň 246 adam gatnaşdy. Şondan bir ýyl geçenden soň, Olimpiýa şäherçesinde “Iň dowamly welosipedli ýöriş” geçirildi. Oňa welosipedçileriň 2019-sy gatnaşdy. Bu çäreleriň ikisi hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Şeýle hem BMG-niň Baş Asssambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde gazanýan üstünliklerine halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň we olaryň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Şeker HUDAÝBERENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.