Ýokary bilim ojagymyz bolan Türkmen oba hojalyk institutymyz bu günki günde özüniň ýeten derejeleri bilen Ýokary görkezijili THE ,, Impact Rankings 2023 “ dünýä reýtinginden orun aldy.
Bu dünýä reýtinginde diňe bir biziň institutymyz däl eýsem ýurdumyzyň jemi sekiz ýokary okuw mekdebi ynamly orun aldy.
2022-nji ýylyň sentýabr-noýabr aýlarynda iberilen resminamalaryň we ýerine ýetirilen işleriň seljermesi geçirilip, netijeleri 2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda yglan edildi.
,, Times Higher Education “ guramasy ýokary bilim ulgamynda reýtingleri geçirmek boýunça ykrar edilen dünýä belli hem -de öňdebaryjy gurama hasaplanýar. Bu gurama Bütindünýä reýtingi- Bütindünýä Uniwersitetleriň reýtingi ( World Uniwersity Ranking ) hem-de Täsir etmegiň reýtingi (The Impact Ranking) bilen Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde binýatly dünýä belli, abraýly we Garaşsyz Bütindünýä reýting guramasy hasaplanýar.
Oguljeren POTYKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.