Wengriýa respublikasy hakynda gyzykly maglumatlar
Wengriýa respublikasy ony öwrenijileri we syýahatçylary eýýäm ençeme asyrlar bäri özüne çekip gelýär. Owadan peýsažlary, özboluşly tagamlary gyzykly taryhyny öwrenmek bu döwlet bilen öň tanyş bolmadyk adamlary oňa başgaça seretmeklige mejbur edýär.
Dünýäniň iň bir özboluşly metropolitenleriniň biri Wengriýadadyr.
Wengriýanyň metropoliteni hakynda söz açylanda ilki bilen dünýäniň iň uzyn tramwaýlarynyň bu ýerde hereket etýänligi bellemek gerekdir. Wenger tramwaýlarynyň uzynlygy 53,9m ýetýär. Ýene bir bellemeli zat hem Budapeştde tramwaýlar 1896-njy ýylda hereket edip başlamagydyr. Şol döwürde dünýäde diňe iki şäherde – Londonda we Nýu Ýorkda metro bardy.
Rubigiň kuby.
1941-nji ýylda häzirki güne çenli özüniň özüneçekijiligini ýitirmän gelýän tapmaçasynyň oýlap tapyjysy dünýä inýär. Enre Rubik 1974-nji ýylda öz oýlap tapan täsinligini dünýä tanyşdyran bolsa, eýýäm 1984-nji ýylda bu tapmaçany tiz çözmekde ýaryşlar geçirilip başlandy. Ýene bir gyzykly maglumat – bu tapmaçany çözmek üçin Enre Rubigiň özüne bir aý gerek bolupdyr.
Gellert dagy – ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasy.
Gellert dagy özüniň taýsyz owadan peýsažy bilen dünýä fotograflarynyň iň bir söýgüli ýerleriniň biridir. 1987-nji ýylda bu ýer bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Paýtagtda ýerleşýän ilçihanalaryň ençesi bu dagyň eteginde ýerleşýär.
Budapeşt – kontinental Ýewropada ýeke-täk kurort şäherdir.
Paýtagt diýilende ilkinji akyla gelýän zatlar galmagally köçeler, zawoddyr fabriklerdir. Emma Budapeşt özüniň 1km ýeriň aşagynda ýerleşýän gyzgyn gözbaşlary bilen dynç almaga gelýänleri özüne çekýär.
Buda we Peşt – iki şäher
1873-nji ýyla çenli häzirki Budapeşt şäheri bolman, eýsem Dunaýyň beýik tarapynda Buda, pesräk tarapynda bolsa Peşt şäheri ýerleşipdir. Häzirki wagtda şäheriň ady bilen bir hatarda birnäçe köpri bu taryhy sebiti birleşdirýär.
Hojaahmet JEPBAROW,
Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniñ talyby

RU



