Köpetdagyň eteginde täze Arkadag şäheriniň kemala gelmegi Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň üpjün edilip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyna, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu şäheri bina etmek baradaky pikiriň özboluşlylygy, ilkinji nobatda, onuň pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde, Türkmenistanyň iň gadymy künjekleriniň birinde gurlanlygynda jemlenendir. Bu ýerde ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda ýeten sepgitleri öz beýanyny tapýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallalary bilen sebitde iň iri taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça onuň birinji tapgyrynda 336 sany bina we desga, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, hassahanalar, orta mekdepler, çagalar baglary, edara binalary, inženerçilik ulgamlary we beýleki möhüm ähmiýetli desgalar gurlup, ulanylmaga berildi. Has takygy, bu iri merkeziň birinji tapgyrynda 11 sany jemgyýetçilik binasy, 25 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany ýaşaýyş jaýy, 9 sany saglyk we sport binasy bilen bir hatarda, inženerçilik ulgamlarynyňdyr desgalarynyň 14-siniň gurulmagy taslamanyň örän giň geriminden habar berýär.
Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, başlangyç we orta hünär mekdepleriniň, sungat mekdepleriniň, saglyk öýleriniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, beýleki hassahanalaryň, Ruhyýet köşgüniň, medeniýet öýüniň, drama teatrynyň, kitaphananyň, sirkiň, muzeýiň, seýilgähleriň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, beýleki hyzmat edaralarynyň gurulmagy halkymyzyň bolelin, bagtyýar, asuda durmuşyny alamatlandyrýar. Türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň, häzirki zaman sport toplumlarynyň, Ylmy-önümçilik merkeziniň gurulmagy ilatymyzyň, ylaýta-da, ýaşlaryň sport hem-de ylym bilen meşgullanmaklary üçin şert döredip, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerinde örän ähmiýetlidir.
Şeýle-de bu şäherdäki çagalar baglary, mekdepler, ýöriteleşdirilen bilim-terbiýeçilik edaralary, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda we hyzmatlar ulgamlaryna degişli edaralar, sport desgalary, dolandyryş binalary, ulag-aragatnaşyk hem-de inženerçilik tehniki ulgamlarydyr iri jemgyýetçilik binalary ýurdumyzda adamlaryň abadan durmuşy, ýaşaýşyň ýokary derejesi babatda ählitaraplaýyn alada edilýändiginiň güwäsidir.
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener Mehanika fakultetiniň uly mugallymy

RU



