Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaňy-ýakynda Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylan, kanunçylyk esasynda döwlet ähmiýetli şäher derejesine eýe bolan Arkadag şäheri sebitde deňi-taýy bolmadykdöwrebap şäherdir. Bu “akylly” şäher türkmen döwletiniň ykdysady taýdan kuwwatlydygynyň, onuň ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap okgunly öňe barýandygynyň aýdyň görkezijisidir. Bu ýerde raýatlaryň abadan durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleriň döredilmegi bu ýerde kemala gelýän şäher gurşawynyň tapawutly aýratynlygydyr. Şäherde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän innowasion sanly tehnologiýalar halkyň hyzmatynda. Hut şoňa görä-de, bu ägirt uly taslamanyň eziz Watanymyz üçin ähmiýeti örän ýokarydyr. “Geljegiň şäheri” diýip atlandyryp boljak Arkadag şäheriniň açylmagyýurdumyzyň ykdysady we ylmy-tehnologik taýdan okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamasy hökmündedabaralanýar. Ýurdumyzyň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ösüşiň we rowaçlygyň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri ylmy-tehnologik innowasiýalara esaslanýan giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga esas döredýär. Täze taryhy döwürde kabul edilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmäge we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär, binagärlik-şähergurluşyk işleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu “akylly” şäherde ulanylýan döwrebap tehnologiýalary hemmetaraplaýyn ulanmagyň zerurdygy äşgärdir. Şunuň bilen baglylykda, innowasion tehnologiýalary özleşdirmäge, bilimiň derejesini ýokarlandyrmaga, beden hem ruhy taýdan sagdyn ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge uly üns berilýär. Bu ugurda Arkadag şäheriniň dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw mekdeplerinde bilimli, ýokary aň-düşünjeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredilen. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň taslamalaryny we “akylly” ulgamlarynyň maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ýaş hünärmenleriniň işjeň çekilendigi bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere gatnaşmaklary, öz ukyp-başarnyklaryny iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de özboluşly taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde, Köpetdagyň eteginde döredilen bu şäher diňe bir ýurdumyzyň obalary we şäherleri üçin däl, eýsem, goňşy sebitler üçin hem ekologik abadançylygyň nusgasy bolup durýar. Bu ýerde gurlan sanly ulgam esasynda iş alyp barýan edara-kärhanalar, durmuş maksatly desgalar, döwrebap elektrobuslary we elektrotaksileri öz içine alýan ulag-kommunikasiýa ulgamy ekologik gurşawyň abadançylygyny üpjün edýär.

Muhammet TAGANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.