Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy iýunynda möhüm taryhy wakalaryň biri bolan täze döwlet ähmiýetli, döwrebap Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy uly şatlyk-şowhuna beslenip bellenilip geçildi. Täze şäher türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesidir.
Arkadag şäheri gurluşygyň iň gowy däpleri binagärligiň hem-de dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Ähli babatda, şol sanda tebigata aýawly çemeleşmekde halkara ölçeglere laýyk gelýän degişli düzümler ýaşaýjylar üçin amatly we oňaýly şertleri üpjün edýär. Arkadag şäherinde möhüm ekologik talaplara aýratyn üns berilipdir. Desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeler peýdalanylypdyr. Bu aýdylanlara Arkadag şäherine ,,Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly , ,,ýaşyl” , howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek “ taslamasyna goşulandygy baradaky güwänamanyň gowşurylmagy hem şaýatlyk edýär.
Arkadag şäheri- bagtyň şäheridir. Arkadag şäheri ýüregi ilim günüm diýip urýan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň akyl paýhasynyň, ýiti zehininiň , irginsiz yhlasynyň netijesinde Ata Watanymyzda dörän beýik gudratdyr.

Allaberdi MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň     1-nji ýyl talyby.