Her bir aýdylýan gepleriň 3-den 1-i ýalandyr.
Hakykat goşuny düwýänçä ýalan dünýäniň ýaryny aýlanyp geçýär.
Akylly adam bilýän zadynyň ýarsyny hem gürlemeýär, samsyk adam gürleýän zadynyň ýarsyny hem bilmeýär.
Owadanlygy söýmeli däl söýüp owadanlaşdyrmaly.
Bir ýürege girmek mesele däldir. Asyl mesele şol ýürekde bütin ömür ýaşap bilmekdir.
Üstünlik hemişe daşky görnüşde görnenok, sen daşky görnüşine seretme.
Akylly adam işi bilen, akmak adam kişi bilen meşgullanar.
Durmuşda 3 zat adamyň özüne zyýan berer: öýke, açgözlük we ulumsylyk.
Durmuşda şeýle bir saýlawlar et welin, gazanan zatlaryň ýitiren zatlaryňa degsin.
Bir adamyň geljeginde onuň iň uly mertebesi ynanylýan adam bolup ýetişmegidir.
Hemme zadyň akyla, akylyň bolsa edebe mätäçligi bardyr.
Özüňe ynamyň bolsa, seniň üçin elmydama ýörelge bardyr.
Nähili baý bolsaňam bir adamyň söýgüsine mätäçsiň çünki durmuş pul bilen däl, söýgi bilen lezzetlidir.
Bir ynsany hemme kişiden owadan görkezip biljek iň gowy bezegi sadalygydyr.
Bagtly adamlar her zadyň gowusyna eýe bolan adamlar däl, eýe bolan her zadyny ýitirmejek şekilde söýenlerdir.
Ogulbagt SEÝITMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň talyby.

RU



