100 gram bal ýygnamak üçin balarylar 46 müň kilometr ýol geçýärler. Bu bütin ýer şaryny ekwator boýunça gezip çykmakdyr. Gurbaga ömrüniň dowamynda 3 tonna siňek iýip bilýär. Iňňäniň gözi ýaly deşikden 24 sagadyň dowamynda 840 litr suw akyp bilýär. Adamyň süňkleriniň dörtden biri aýak tarapyndadyr. Bir galam bilen 64.820 metr uzynlykdaky çyzyk çyzyp ýa-da 50.000 sany söz ýazmak mümkin. Ynsan ömrüniň dowamynda 5 sany ekwatora deň aralygy ýöräp geçip bilýär. Pil bir minutda 10 gezek dem alýar, syçanlar bolsa 200 gezek. Adam ýylda 84 müň gezek gözüni açyp ýumýar. Dünýä ilatynyň takmynan dörtden biri hytaýlylardyr. 100 ýaşa çenli ýaşan ynsanlaryň 80% – i aýallardyr.
Rahym AHMEDOW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Logistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

RU



