Halkymyzyň bu günki ajaýyp döwründe özboluşly , täsin sungat derejesine göterilen milli atşynaslyk däbi öz gözbaşyny iň gadymy döwürlerden , has takygy biziň eýýamymyzdan ozalky III-II müňýyllyklarda ýagny 4000 ýyldan gowrak wagt öňden alyp gaýdýar.
Häzirki wagtda atlaryň 100-den gowrak tohumlary bar. Zonal klimatik alamatlaryna laýyklykda, tokaý, baýyr,dag atlary; niýetlenişine görä çapuw, ýük atlary; gelip çykyşyna laýyklykda medeni ; geçiş we aborigen atlar ýaly toparlary bar. Türkmen halkynyň buýsanjy bolan ahalteke bedewleri çapuw atlarynyň tohumlarynyň arasynda iň owadanlarynyň, naýbaşylarynyň biri hasaplanýar.
Halkymyzyň taryhynyň islendik sahypasyny bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen halkynyň taryhy buýsanjy bolan gamyşgulak bedewlerimiziň baýramçylygy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýär.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ,, Ahalteke bedewleri biziň buýsanjymyz we şöhratymyz ” , ,, Ganatly bedewler ” , ,, Gadamy batly bedew “ , ,, Atda wepa-da bar sapa-da “ atly ajaýyp kitaplarynda milli atşynaslyk sungatynyň ata-babalarymyzdan miras galan iň gadymy senetdigi barada beýan edilýär. Gözellikde owadanlygyna taý tapylmaýan, çalasyn hem çakgan türkmen atlary milli Liderimiziň bedewler baradaky kitaplarynyň baş mazmun özenini düzýär.
Nurýagdy MYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby