Ýurdumyzda güýz paslynda ýetişýän dermanlyk häsiýete eýe bolan itburnuň şypasy il içinde giňden bellidir. Onuň bişen miwesi ýygnalýar, guradylan görnüşde dermanhanalarda halka hödürlenýär.

Likopene baý bolan itburun göz kesellerinden goraýar. Itburun yzygiderli we ortaça iýlende, iç gatamagy ýeňip geçmäge hem kömek edýär.

Itburuny miwe, mürepbe ýa-da çaý görnüşinde peýdalanyp bilersiňiz. Ýöne bu ösümlikden taýýarlanan içgileri içeniňden soň, agzyňy çaýkamak maslahat berilýär. Sebäbi ondaky turşular dişiň syrçasyna zyýan ýetirip biler.
Bu pürli ösümlik bägüller maşgalasyna degişlidir. Oňa „«ýabany bägül» hem diýilýär. Süýrümtik, üljä çalymdaş, gyzyl ýa-da gyrmyzy, sarymtyl gyzyl reňkli miweleri bolýar. Itburnuň dermanlyk häsiýeti gadym döwürlerden bäri belli bolupdyr. Ol bedeniň immunitetini — kesellere garşy göreşijilik ukybyny berkidýär, bedeniň garramagynyň öňüni alýar. Itburun düzüminde C ýokumyny iň köp saklaýan miwedir. Meselem, C witamini itburnuň miwesinde limondakydan 50 esse, gara smorodinadan 10 esse kändir. Şonuň üçin ony güýz-gyş aýlary, sowuklama ýoňlamasynyň ýaýraýan döwri ulanmak örän peýdalydyr.

Seýilhan NURMÄMMEDOW,

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Inžiner mehanika fakultetiniň mugallymy