Ýurdumyzyň gurluşyk meýdançasyna öwrülmegi, gurluşyk
harytlarynyň biziň ýurdumyzda hem Garaşsyzlyk ýyllarynda öndürilip
başlamasy ilkinji nobatda halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini
gowulandyrmakda edilýän işleriň üstünlikli amala aşyrylmasyna getirdi.
Häzirki zaman amatlyklary bolan gurluşyk binalary we iň ajaýyp,
innowasiýon desgalar bieln kämilleşdiriljek şäher bolan jadyly keşbi
häzirki döwürde gurluşyň iň oňyn nusgasyna öwrüldi. Elbetde täze
gurulýan şäherlerimizde ýaş nesillerimiz ýaşap, döredip, gurup, gelejege
umytly bakýarlar.Gurluşyk harytlaryň önümçiligi boýunça ady belli
daşary ýurt kärhanalary bilen hem hyzmatdaşlygy saklaýan ýurdumyzda
öz öndürýän önümlerimiziň hiliniň ýokarlanmagy bolsa, halkymyzyň bu
günki gün ykdysady üpjünçilikden paýyny alýandygyny
alamatlandyrýar.
Mundan başga- da welaýat, etrap merkezlerimizde, hatda uzakdaky
oba- şäherçelerde hem ýaşaýyş jaý gurluşygy uly depginler bilen ösýär.
Ýerli gurluşyk firmalarymyzyň gurýan jaýlarynyň sanynyň köpelmegi öz
ýurdumyzda oyn çözgütleriň amala aşyrylýandygyny subut edýär.
Häzirki döwürde ertekiler şäherini aýda salýan Arkadag şäherini
daşyndan görmäge göz gerek. Onuň gözelligine taý ýok. Her bir ynsany.
Her bir raýaty , her bir ýaşaýjyny buýsandyrýan bu şäher asyryň täze
bir döwrebap merkezine öwrüldi. Bu gün bu şäheri çar ýandan görmäge
gelýärler. Köpetdagyň iň gözel ýerini ýakalap oturan bu ajaýyp şäher
jenneti bir mekany ýada salýar.
Bu günki gün halkymyzyň ýaşaýyş şertlerinde düýpli täzelikleriň
bolup geçäýndigini, ýagny jaý üpjünçilik babatynda edilýän işleriň
üstünlikli amala aşmasynda öz ýerli gurluşyk kärhanalarymyzyň hem
işiniň ýokarydygy bu günki gün buýsandyrýar. Döwlet tarapyndan
raýatlara gurup berilýän jaýlar birinji derejeli öý goşlary bilen üpjün
edilýär. Şeýlelikde binalaryň, sport saglyk amksatly binalaryň
döredilmegi bolsa, häzirki zaman arhitekturasynyň
innowasiýalaşmagynda uly işleriň ediländiginiň subutnamasydyr.
Bu merkezde ilkinji nobatda birnäçe gatly jaýalryň gurulýandygy
bilen bagly, oalryň daşlaryndaky landşaft meýdançalarynyň ýokary
hilliligini gazanmak we ol ýerde körpeleriň rahat oýnamaklary ,
wagtlaryny geçirmekleri üçin salnan çagalar meýdançalary, oýun
meýdançalaryndan daşary sport meýdançalary bolsa, bu ugurda edilen
işleriň halk bähbitlidigini ýene bir gezek subut edýär. Nesil terbiýesinde
ak gunduzly jaýlarda ýaşamak her bir ene- atanyň hem arzuwydyr.
Arkadag şäheri bolsa, şol arzuwlary amala aşyryjy merkezdir. Şeýle
gözel, behişdi mekanda ýaşaýan türkmen halky bu gün bagtyýar. Beýle
bagtyýarlyk bolsa, halkymyzyň başyny göge ýetirýär.
Ýaňy- ýakynda bu ajaýyp gözelligiň şäherinde geçirilen “Arkadagyň
säheri” atly kinofestiwal bolsa, şäheriň gözelligniň taýsyzlygyny ýene
bir gezek subut etdi. Festiwala gelen myhmanlarda aýratyn ýatdan
çykmajak hakydany oýardy. Bu hem ajaýyp şähere bolan buýsanjymyzy
öňküsinden hem artdyrdy.
Agamyrat Babajanow
Türkmen Döwlet Maliýe institutynyň Maliýe fakultetiniň Maliýe
hünäriniň talyby