Dogrusy “Akyl ulgamynyň” salgy berýän hadysalary bolsa, haýsydyr bir işe gönükdirlen ýeňillşmäniň hem- de şol ýeňilleşmede tehnologiýalar çylşyrymlylygyny günsaýyn täsir bilen adamlara öwretmegiň zamanasynyň gelmegi häzirki zaman ýaşaýjysy bolmagy işewürligi talap edýändigini ýene bir gezek subut etdi.
“Akylly öý’  – bu ilki bilen gündelik durmuş prosesleriniň howpsuzlygyny üpjün edip, elektrik  enjamlaryň işleýşini aralykdan dolandyrmaga mümkinçilik döredýän tehniki serişdeleriň we programma üpjünçiliginiň toplumyna aýdylýar. 1977-nji ýylda Bell laboratoriýalary isleg bildirýän 2000 adama el telefonynyň ilkinji nusgalaryny halka ýetiripdir.Dünýäniň iň ir tehnologiýalary öndürýän kärhanalarynyň arasynda häzirki wagtda täze innowasiýon görnüşleriň ýüze çykmagy tehnologiýa dünýäsiniň işlerini düýpgöter özgerrtdi.
Adamalaryň tehnologiýa bolan islegi artyp, häzirki zaman täzeliklere tiz öwrenişýän , tehnologiýalar dünýäsiniň işlerine tiz alyşýan täze bir “akyl ulgamyny” döretmekelri bolsa, bu günki gün seni täzeliklerden galman, gündeki işler bilen gyzyklanmaga mejburbolýan adama öwürdi. Akylly öý tilsimaty ABŞ-da, Ýewropada we Aziýada  eýýam uýgunlaşdy,
we biziň ýurdumyzyň bazarynda indi kemala gelip başlady. . Akylly öýi dolandyrmak ulgamy real wagt düzgüninde öýüň hem içini hem daşyny, öý eýesiniň bellän ölçeglerini yzarlamaga mümkinçilik döredýär. Bu ulgam adamlar toparynyň ýa-da ýeke adamyň gymyldy- hereketlerini anyklap bilýär, gurluşyň ähli binagärlik ulgamyny yzarlap, haýwanlaryň hereketine-de täsirlenýär. “Akyl ulgamy’ häzirki zaman tehnologiýalaryň täze döreden ulgamydyr. Ol düşünjäbni has-da giňeltmek üçin işewürler işlerini dowam edýärler.
Döwür bilen aýakdaş gidip, ýerli bazaryň talaplaryny göz öňünde tutup kärhanalar  şahsy sargamalar boýunça öýleriň gurluşygyny amala aşyrýar, proýektde, şeýle-de öýleriň  we otaglaryň dizaýninde  dürli islegleri göz öňünde tutýarlar, sargyt beriji isleg bildiren ýagdaýynda "akylly öý"-üň talaba laýyk ulgamyny hem gurnap berýärler.
Dogrusy 1979-njy ýyldan başlap ýaponlaryň el telefonynyň dürli görnüşlerini elýeterli bahadan öndürip halka ýetirmegi bilen, ol dünýäde iň bir zerur närseleriň hataryna döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. «Akylly» programmalar öýdäki dürli işleri ýerine ýetirmek üçin ulanylyp bilner. Olar öýüň temperaturasyna we yşyklandyryşa gözegçilik edip, enjamlary açyp ýa-da öçürip bilýär. «Akylly öý» tehnologiýanyň ösüşinde gazanylan bir ýere jemleýän ýerinde täze bir älemi açmaga mümkinçilik dörejekdigini subut edýär.
Öýde howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin gözegçilik we sesli habar berme öý eýesiniň ýaşaýyş jaýyna belli bir aralykdan gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýär.

DURDYÝEWA GÜLJEMAL

Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugalllymy