Hazar deňzi dünýäniň ajaýyp bir suw giňişligi bolup, ol gury ýerde
kenary bolan gözel bir deňizdir. Onuň gadymylygy barada ,hat-da Oguz
şahalarynda hem agzalyp geçilmegi Hazar deňziniň Arala ýakyn
kenarlarynda ýerleşýän ýer asty guýylaryň bolandygyny habar berýär.
Hazar günümizde iň bir ykdysady geleşigi bolan suw bölegi bolmagy
bilen daş- töwereginde ýerleşýän döwletleriň ykdysady ulgamyna öz
güýçli täsirini ýetirýär.
Türkmenistanyň kenarlaýan deňizleriniň biri bolan Hazar deňzi bu
günki gün türkmen kenarynda nijeme baýlyklara eýe bolan hazyna
bölegidir. Onuň kenarynda ilkinji nobatda tebiygy baýlyklardan başlap,
syýahatçylygyň ösen ýeri bolmasyny hem dowam etdirmegi bu ajaýyp
jenneti mekanyň türkmen halky üçin hem-de dünýäniň çar künjünden
gelýän myhmanlar üçin dynç alyş bölegine öwrülenligidir. Bu bolsa
ykdysady üstünliklere belli bir çeşmedir.
Ykdyady netijeliligi bilen tapawutlanýan deňiz bu günki gün dünýäniň
hem ykdysady ulgamyna öz täsirini ýetirýär diýsek ýalňyşmarys.
Hazar deňzi — Wolga derýasyny hasaba almanyňda, dünýä ummanyna
çykalgasy bolmadyk özboluşly ekoulgamdyr. Ol özünde deňziň
duzlulygyny, ýerasty tebigaty babatda hem deňziň tebigatyna kybap
gelýän alamatlaryny jemleýän dünýäniň iň uly köli hasap edilýär.
Hazar deňziniň kenary 5 ýurtda bardyr — Türkmenistan, Russiýa,
Gazagystan, Azerbaýjan hem-de Eýran,2000-nji ýyllara çenli dünýädäki
gara ikranyň önümçiliginiň 90%-i Hazar deňzinden alynýardy,Hazaryň
ilkinji jikme-jik maglumatlary özünde jemleýän ygtybarly kartasy 1719-
njy ýylda Bekowiç-Çerkasskiniň ekspedisiýasyndan soň düzülipdir,1921-
nji ýylda bu ýerden tejribeli balykçylar agramy 1200 kilograma deň
bolan beluga balygyny tutdular,Hazar nebite we gaza örän baý
deňiz,Hazar deňziniň çägindäki iň uly deňiz porty Bakuda
ýerleşýär,Deňziň demirgazyk bölegi iň çuň ýerleri hasaplanýar,Suwuň
durnuksyzlygy sebäpli Hazar deňziniň görnüşi yzygiderli üýtgäp durýar.
Suwuň ýokary derejede bolan ýagdaýynda deňiz Gara deňiz bilen

birikýär,Gyş günleri deňziň demirgazyk bölegi doňýar we suwy buz
örtýär,Häzirki getirilýän netijelere görä, deňizde nebitiň we gazyň
gorunyň mukdary 6,5 milliard tonna diýlip kesgitlenilýär,Hazarda
aýzbergler örän seýrek ýagdaýdyr. Adatdan daşary buz toplumynyň
soňky süýşmesi bu ýerde 2020-nji ýylyň dekabrynda hasaba alyndy,
Deňziň düýbünden Sabail köşgüniň (1234-nji ýyl) bölekleri
hasaplanylýan plitalar tapyldy. «Bail daşlary» Bakuwyň Şirwanşalar
muzeýinde saklanylýar, Deňizde we onuň kenarýaka ýerlerinde
haýwanlaryň 1800 töweregi görnüşi ýaşaýar, bu ýerde ösümlikleriň
bolsa 700-den gowrak görnüşi ösýär.Hazar düwleni deňziň endemigidir.
Gynansak-da, soňky ýyllarda bu täsin deňiz süýdemdirijileriniň sany ep-
esli azaldy.Şeýle-de “Altyn asyr” köli biziň topraklarymyzda beýik
abraýa eýedir.

Söhbet Annaýew

Türkmen Döwlet Maliýe institutynyň Maliýe fakultetiniň Maliýe
hünäriniň talyby