Atyry gan akmasy işjeň bolan we ýyly ýerlere sepmeli. Ine şu ýerlerde hoşboý yslar gowy durýar we uzak wagtlap saklanýar.
Ýagny:
Bilekleriň içki tarapyna,
Dyz we tirsekleriň bükülýän ýerlerine,
Gulaklaryň arka tarapyna,
Çekgelere,
Boýun şahasyna.
Atyr gitmesi kyn bolan yzlary galdyrmak häsiýetine eýe. Şeýlede olar merjen we beýleki gymmat bahaly metallara degende hem üýtgeme ýüze çykaryp bilýär. Şonuň üçin atyry dakynjaklaryňyzy dakmankaňyz we geýimleriňizi geýmänkäňiz sepiň. Eger siz geýimleriňizden bu hoşboý ysyň gelip durmagyny isleseňiz, atyry öz möçberinde we usullyk bilen peýdalanyň.
Ýazmyradowa Altyn
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 116-njy toparynyň talyby

RU



