Ak mermer binalaryna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, daşky gurşaw üçin zyýansyz elektromobilleriň we elektrobuslaryň hereket etmegi, «akylly» öý hyzmatlaryndan peýdalanylmagy milli binagärligiň ajaýyp nusgasy bolan Arkadag şäheriniň ekologik taýdan arassadygyny alamatlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Täze şäherde ylym-bilim, medeni maksatly binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, saglyk we sport ulgamyna degişli desgalar ýerleşýär.
Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli kömek-goldawlary netijesinde, bu ýerde döwrebap şäher düzümi kemala geldi. Sebitde ýeke-täk «akylly» şähere öwrüljek Arkadag şäheriniň gözel keşbi bu gün diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, halkara jemgyýetçiligiň hem ünsüni özüne çekýär.
Ýeri gelende bellesek, döwrebap şäherde elektomobilleriň hem-de elektrobuslaryň işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň köňül arzuwyndan bina bolan ajaýyp şäherde döwrebap ulag düzüminiň döredilmegi raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge uly ýardam berýär.
Arkadag şäheri häzirki zaman şähergurluşygynyň iň soňky gazananlary esasynda bina edilip, innowasion täzelikleriň we ajaýyp ekologik gurşawyň merkezine öwrüldi. Ýaşaýyş jaýlaryndan başlap ähli edara binalarynyň «akylly» tilsimatlar bilen üpjün edilmegi adamlar üçin ähli amatly durmuş ýeňillikleriniň döredilmegine mümkinçilik berýär.
Süleýman ESENOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby