Ak akasiýa – Robinia pseudoacacia. Beýikligi 25 metre çenli ýetýän, sütüniniň göwrümi 30-40sm. 70-100 ýyla çenli ýaşaýan agaç. Watany Demirgazyk Amerikanyň Appalaç daglary. Gülleri iki jynsly, ak reňkli, uşak, topbak ýerleşen. Miwesi 8-12 sm, ini 1-1,25 sm bolan kösükdir.
Ak akasiýanyň ýapraklary çylşyrymly täk ýaprakly, gyralary bütewi. Şahalary ýaýbaň, selçeň, ýapraklary nobatlaýyn ýerleşen, 7-19 sany ýaprak çykarýar we ol 5 sm. Çenli uzunlykda bolýar. Ýazyna ýapraklary ýaşyl, tomsuna we güýzüne gara-ýaşyl reňkde bolýar. Iýun aýynyň başynda gülläp başlaýar. Miweleri sentýabr aýynyň üçünji ongünlüginde ýetişýär, çalt ösýär. Baldagy agaç ussaçylygynda peýdalanylýar. Kökünde azot özleşdiriji kluben bakteriýalary ýaşaýar. Ýapragynda azodyň we kalsiniň köp bolmagy sebäpli, topragy baýlaşdyryjy görnüş höküminde bellidir. Ýapragy A, С witaminlerini, gök reňki, gülleri efir ýagyny we nektar saklaýar, şeýle hem parfýumeriýa senagaty üçin çigmal bolup biler. Şiresinde 12%-de çenli ýag bolup, kofa goşmak üçin peýdalanylýar.
Akakasiýa bal öndürilýän ösümlikdir, ýagny 6-12 ýaşly tokaýlaryň 1 gektary 119-188 kg çenli bal berip bilýärler. Akakasiýa ilatly ýerleri bagy-bossana öwürmekde, gorag tokaýlarynydöretmekde bolsa içki hatarlarda esasy toparlara girýängörnüş höküminde peýdalanylýar.
Goçmyrat ATAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

RU



