Ýurdumyzda üzüm nahallaryny oturtmak güýzde şeýle hem ýazda geçirilýär. Üzüm nahallary oturdylýan mahalynda, üzümiň uzak ömürliligini hem-de önümliligini üpjün etmek üçin, olary hemişelik ýerinde oturtmak iň möhüm işleriň biridir. Talabalaýyk ideg we timarlama çäreleri doly geçirilende, oňat hasyl getirýän döwri 35 — 40 ýyl we ondan-da köp dowam edýär.

Üzümiň düzüminde glýukoza, fruktoza, sahoroza ýaly uglewodlar, 80 göterime çenli suw, organiki turşular, pektinler bar. Miwelerinde kaliý, kalsiý, natriý, magniý, demir, margenes, alýuminiý, fosfor, kremniý ýaly mineral maddalar we mikroelementler, B, C, P, PP toparynyň witaminleri, fermentler saklanýar. Üzümiň dänesindäki pektinler radioaktiw elementleriň, agyr metallaryň we beýleki toksinleriň bedenden çykarylmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, üzümiň örän güýçli antiseptiki täsiri bar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, ganazlygy, käbir ýürek-damar kesellerini, dem alyş ýollarynyň sowuklamasyny, bogun agyrysyny üzüm bilen bejermek mümkin. Şeýle-de peşew ýollarynda, böwrekde daşlaryň emele gelmeginiň öňüni alýar. Onuň birnäçe kesel dörediji ýokançlyklaryň öňüni alýandygy barasynda ylmy kitaplarda ýazylan.
Üzümiň örän köp görnüşleri bellidir. Türkmenistanyň yssy we gurak klimatynda halyly, gelinbarmak, gözel gara, gyzyl kişmiş, gara kişmiş, terbaş, gürgoýy, riş baba, sary üzüm ýaly görnüşler giňden ýaýrandyrlar.
Sary üzüm – ýerli türkmen sorty, salkymy iri, miweleri seýrek, güli Iki jynsly. Miweleri açyk sary reňkde, süýri, iýul aýynyň 20-e bişip başlaýar, awgust aýynyň ahyryna sentýabr aýynyň başynda doly bişýär. Bir düýpden 14 kg-a çenli, gektardan 250-300 sentner hasyl alynýar. Bir hoşasynyň agramy ortaça 350 gram. Salkymlarynyň miwe getirýän bir pudaga ortaça düşýäni 1,4 sany, pudagynyň 85 %-i hasyl getirýär. 100 miwesiniň agramy 240 gram we 100 dänesiniň agramy 2,9 gram. Kişmiş taýýarlanýan we terligine iýilýän sort.

Nurgeldiýewa Çynar
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 116-njy toparynyň talyby