Ýurdumyzyň ösüşlerden ösüşlere gitmeginde Türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy uludyr. Çünki onuň edýän işleri ,syýasy, medeni, ykdysady ýolgörkeziji bolup, bu günki gün dünýä halklarynyň liderleriniň ýanynda görülip- eşidilmedik abraýa eýedir.Şahyryň setirlerinde wasp edişi ýaly:
“Bu gün Paýhas alan Oguz babamdan,
Soltanlaň döwresin aman saklan sen!
Dünýä liderlerne golun uzadan,
Dostluk ýolun müň bir salam saklan Sen!
Türkmen Arkadagy, Türkmen lideri!
Pederleň ýoluna hormaty artan,
Gök ýaýlasy, tereň- derýasy bilen,
Magrypdan Maşryga dünýäsi bilen,
Ýene dowam eder dostluk dallary,
Ýene uzar dünýä, goly Türkmeniň,
Pederleri mertlik heýkeli kibi,
Enelerniň sözi gülüň ballary,
Akdyr göwni, şahandaz köňülleri,
Dost diýene dostdur, rasta rast sözi,
Ýoly Oguz ýoly, Mahmyt şiridir,
Türkmen diri bolsa, türkmeniň ady:
Diňe, Arkadagy bilen diridir!
Diňe köňül bagy bilen diridir!
Dünýäniň ýüzünde parahatlygy,
Dostlugy berkedýän halklaryň sany näçe bolsa,
Türkmen şolaň dosty, Türkmen dogany!
Çünki dünýä dostluk bilen diridir,
Çünki dünýä birlik bilen diridir!
Çünki türkmen diýmek, şir ogly diýmek,
Türkmen bolsa asly, köňli päkdir Oň!”
Türkmen sungaty ata- baba ösüşlerde bolsa- da Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen diňe Garaşsyzylyk ýyllary içinde onuň hak hossarlydygyna göz ýetirildi. Çünki Garaşsyzlyk biziň ýurudumyzda özbaşdaklygyň erkin şemalyna öwrülip, bu günki gün ýurdumyz ösüşlerden ösüşlere öz ädimini ätdi, halkara derejelere ýetdi hem-de bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen edilýän işleriň oňyn derejesini ölçeýän müňlerçesiniň Türkmenistanda uly hormata eýedir. Türkmen diýarymyzyň ösüşleri, özgerişleri deňsiz- taýsyz derejededigi gün- günden aýdyňlaşýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen Köpetdagyň eteginden gurlan ajaýyp şäher bolan Arkadag şäheri bu ajaýyp eýýämiň iň täze ösüşlerini özünde jemleýär, ýagny Arkadag şäheriniň kemala gelmegi bilen ýurudmyzyň müňlerçe ýaşaýjylarynyň bagtyýar adamalrynyň ýaşajak ýeri bolan akylly şäher bu günki gün iň ýokary ösüşlerde. Gahryman Arkadagymyzyň Liderlik ýoly dünýä görelde bolmagyny dowam etdirýär. Dostana döwletlere uzadýan “Akylly şäherlerde” “akylly öýleriň bolmagy biziň ýurdumyzda deňsiz-taýsyz tehnologiýalar zamanasynda ösüş ädimleriniň belentliklerini aňladýar. Ýaňy- ýakynda gurlup, ulanylmaga berlen Arkadag şäheri bu günki gün dünýäniň tehnologiýalar zamansynda deňsiz- taýsyz belentlikleri gazanýandygyny alamatlandyrýan sepgitlere ýetdi. Onuň goýnundaky “akylly öýler” dünýäni haýran edýär.Munuň özi Türkmenistanyň hem tehnologiýalar zamanasynda dünýä ösüşleri bilen de barýandygyny alamatlandyrýar. Türkmen topragynyň her ädimi barada maglumatlar saklanyp galypdyr. Türkmenistanyň çäklerinde arheologlar tarapyndan geçirilen netijeli işlerde hem öz beýanyny tapýar.Biziň taryhy köklerimiziň çuňlugyny yzarlamakda, ykdysady, maddy, maliýe üpjünçiligimizde, medeni milli ruhy baýlyklarymyzda, olary aýap saklamakda hem Gahryman Arkadagymyzyň liderlik ýoly dünýä göreldedir. Olaryň köpüsi adamzat ýaşaýşynyň we medeniýetiniň ösüş taryhyny öwrenmekde dünýä ýaň saldy. Oguz han paýhasly, nesillere nusga bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň atalyk ýoly perzende hem görelde. Hut şu jähtden ähli edilýän işleriň dowamat dowam bolmagy üçin Türkmen halkynyň Arkadagly Gahryman Serdary hem görelde alarlyk nusgadyr.
Didar Agamyradow
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň
Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Hasaplaýyş
torlarynyň programma üpjünçiligi hünäriniň talyby

RU












