Litopslar Günorta Afrikanyň, Nambiýanyň çägeli we gaýaly çöllerinde ösýär. Gülüň üstki bölegi iki sany bilelikde ösen galyň ýapragy ýada salýar. Bu ýapraklar kiçijek jaýryk bilen ikä bölünýär we onuň jaýrygyndan güljagaz we täze kiçijek ýapraklar ösüp çykýar. Ol 5 santimetre çenli ösüp bilýär.
Gülleri ak ýa-da sary ( seýrek ýagdaýda mämişi ) reňkde, diametri 2,5-3 santimetr bolýar. Käwagt özünden hoşboý ys bölüp çykarýar. Oňat ideg edilende litops awgust-noýabr aýlary gülleýär. Litopslar penjireleriň öňünde gül çüýşelerinde ösdürilýän iň ajaýyp we owadan ösümlikleriň biridir.
Litopslar beýleki käbir ösümlikler ýaly diňe bir temperatura we çyglylyga däl eýsem, ýagtylyk, gün şöhlesine hem talapkärdir. Ony ösdürip ýetişdirýän öý eýesi oňa ideg edende bulary göz öňünde tutsa ýerlikli bolar.
Oguljeren POTYKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby .

RU












