Türkmen oba hojalyk institutynda “Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO Klubynyň guramagynda Çölleşmäge we gurakçylyga garşy göreşmegiň Bütindünýä güni mynasybetli “Durnukly ösüş maksatlary we ählumumy gurakçylyga garşy hem-de şorlaşan oba hojalyk önümçilik landşaftlarynda tebigy serişdeleri ulanmagyň ylmy esaslary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen onlaýn ylmy-amaly maslahata Türkmen oba hojalyk institutynyň we ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlary, aspirantlary, hünärmenleri we talyplary gatnaşyp, olar özleriniň ylmy temalary bilen çykyş etdiler.
Çölleşmäge we gurakçylyga garşy göreşmegiň Bütindünýä gününe bagyşlanyp geçirilen bu onlaýn ylmy-amaly maslahat ýurdumyzyň suwarymly ýerleriniň zaýalanmagynyň öňüni almakda we olary gowulandyrmakda, çölleşmä garşy göreşmekde, şorlaşan topraklary özleşdirmekde, suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmakda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýetini beýan etmekden ybaratdyr.
Wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylymly-bilimli ýaşlaryň ýokary medeniýetli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň abadançylygynyň hem-de ählumumy ösüşiň bähbidine gönükdirilen ägirt uly işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Soňra ylmy-amaly maslahaty öz işini bölümçelerde dowam etdi.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

RU












