Gahryman Arkadagymyz “Paýhas çeşmesi” kitabynda: “Milli miras ynsan kämilliginiň gözbaşydyr, nepisligiň hem-de gözelligiň altyn täjidir” diýip milli mirasymyzyň terbiýeçilik ähmiýeti, ynsana edýän ruhy täsiri dogrusynda belleýär.Dana hem merdana ata–babalarymyz asyrlardan – asyra, nesillerden – nesle geçirip, biz – bagtyýar ýaşlara baý hem kämil gaýtalanmajak, haýran galdyryjy we buýsanç dörediji milli gymmatlyklary miras galdyrypdyrlar. Biziň baý hem-de gaýtalanmajak milli mirasymyz umumadamzat gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, ony dörediji halkymyza şöhrat getirdi.Şeýle milli gymmatlyklarymyzyñ hataryna bolsa gelin-gyzlarymyzyñ ýörite özleriniñ şahsy zatlaryny salyp saklamak üçin tiken bukjalaryny mysal getirmek bolar.Gelin-gyzlaryn aýna-darak, iňňe, oýmak ýaly zatlaryny salyp saklaýan bukjasy köplenç aýna-darak salynýan bukja el bukja diýlip atlandyrylyar.Önki döwürde boýy ýeten gyzlar gelinler özleri üçin hökman el bukja ya-da aýna darak bukja ýaly bukjalary tikipdirler. Olary köplenç gurak matalardan mahmaldan ya-da dürli öwüşgünli matalardan nagyşlap, keşdelap tikipdirler. Aýna darak bukjanyñ gyralaryna alajadan aýlapdyrlar, elde göterer ýaly bag dakypdyrlar. Olar aynadyr daragyñ waspyny özleriniñ hüwdülerinde, dana pähimlerinde hem beýan edipdirler.
Hüwdi
Dagdan dişli daragym
Arkadagym, geregim.
Şu balamy söýmesem,
Çatlap barýar ýüregim.
Ýa-da
« Ýagşy gyz ertir turup aýna garar,ýalta gyz saçak sorar » diýlip paýhas çeşmesinde hem edepli, gowy gyzyñ irden turup, aýna garap, özüne timar berýändigi nygtalýar.
Meniň hem ejemde ejesinden miras galan aýna darak şeyle hem el bukjasy saklanyp galypdyr. Kamil tikinçilik sungatynyň inçe tilsimleri bilen tikilen bu bukjalar mahmal matalardan tikilipdir, gyralary bolsa dürli öwüşgünli matalar bilen bezelipdir.Ejem bize: « Zenan maşgalanyñ saçy nahar duz tagam taýýarlanýan, iýip içilýän ýerden çetde öñùñe ýaglyk ýazylyp daralýar. Darakda galan gyrlan tarlar, öñüñe ýazylan ýaglygyñ üstüne düşen gyrymsylar bilen bir ýere jemlenmeli. Saçy zyñmak zir zibiliñ arasyna taşlamak, keçäniñdir haly palasyñ aşagyna salmak halkymyzda utanç hasaplanýar» diýip nygtaýar. Şonuñ üçin hem aýna darak bukjanyñ gapdalynda ýörite saç salmak üçin tikilen saç bukjasy hem saklanýar. Ýylyñ dowamynda ýygnalan saçlar her ýylyñ Gurban aýynda gömülüpdir, ony Gurban aýy gömmek sogap hasaplanypdyr.Umuman, ata-babalarymyz yrym- ynançlaryna özleriniñ iñ päkize, halal niýetlerini, käbir wagtlarda bolsa halamaýan zatlaryna bolan garaýyşlaryny hem siñdiripdirler.Ady agzalan bukjalarymyz biziñ häzirki döwrümizde hem her bir öýde saklanyp gelinýär. Şeýle bukjalar toý etjek gyzlarymyzyñ dokuzynda ( çykgyt bukjasynda ) esasy esbaplar hasaplanýar. Bu bolsa biziñ ene- mamalarymyzyñ, gelin- gyzlarymyzyñ milli mirasymyza uly sarpa goýýandygyndan nyşandyr.
Oguljeren POTYKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agroekologiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

RU



