Türkmenistan diýarymyzyň ähli goýnunda şu günler Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleri hem- de şol
baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde dostluk- doganlygyň üstünlikli gadamlary ýurdumyzyň halkara abraýynda oňyn ýer alýandygynyň subutnamasy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz-Arkadagly gahryman Serdarymyz tarapyndan dürli ugurlar boýunça edilýän işler halkara çäklerinde üstünlikli gadamlar bilen güýjelýär. Biziň ýurdumyzyň Halkara derejesini almagy, şeýle- de Bitaraplyk derejesi bilen dünýä tanalmagy bolsa, halk bähbitli işlerde Hormatly Prezidentimiziň badalgalary bilen amala aşyrylmagy esasynda ýüze çykýar. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-nyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýlip ykrar edilen Rezolýusiýany makullamagy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň Döwletimiz üçin edýän aladalarynyň mysaly boldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy barada Rezolýusiýa kabul etmegi Garaşsyz ýurdumyzyň Bitarap bolmagynda dabaraly ädim boldy. Bu günki günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çäreleriniň geçirilmegi bolsa, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetlidir. Türkmen halkynyň bagtyýar gelejegi üçin Halkara giňişlikde abraý alýan watanymyzyň toý- baýramlary täze öwüşginde şatlyk- dabara beslenýär.
Rüstem Garaýew
Türkmen Döwlet Maliýe institutynyň Maliýe fakultetiniň Maliýe
gözegçiligiň taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby

RU



