«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy diňe bir dynç alyş üçin ajaýyp mekan bolman, eýsem, ol daşky gurşawy goramagyň, ekologiýa sazlaşygynyň hem ajaýyp nusgasydyr.
Awazanyň deňiz kenarýakasyndaky howasy çöl zolagynyň howasyna mahsus bolan alamatlara eýedir. Bu ýerde tomus yssy we gurakdyr, doňaklyklar Türkmenistanyň beýleki sebitleri bilen deňeşdirilende iki-üç hepde soň başlap, iki hepde hem öň gutarýar. Gyşda aýazsyz howa agdyklyk edýär. Howanyň gyzgynlygynyň gije-gündizki tapawudy 6-8° С-den geçmeýär. Gün şöhleleriniň dowamlylygy ep-esli ýokary – ýylda 2700 sagat. Tomusda kenarda gündizki ýokary gyzgynlygy ýumşadýan tolkunlaryň döredýän suw syçramalary, öwüşginli aýlanma älemgoşarly howa jana şypa berýär. Howanyň ýokary gyzgynlygy deňiz suwunyň çalt gyzmagyny şertlendirýär, ýumşak çäge, aramgurak klimat, güneşli günleriň köp bolmaklygy ajaýyp çägeli plýaž bu ýerde uzak wagtyň dowamynda bejergi geçirmäge, deňizde suwa düşmekligi bejeriş faktory hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär.
Awazadan 100 kilometr uzaklykdaky Ogurjaly adasyndaky tez jerenleri, suw
ýylanlarynyň haýrana goýýan toplumyny, guş bazaryny, gyzylinjikleri (flamingolary) we beýleki flora gymmatlyklarymyzy synlap, lezzet almak mümkin.
Awazadan 80 kilometr daşlykdaky Garşy bolsa Hazar deňziniň kenary boýunça ýaýlyp gidýän, özge ýerlerde duşmaýan rodon çeşmeleri bilen jahankeşdeleri özüne çekýär.
Gury ýerden üzňe oturan, Awazadan 12 kilometr daşlykdaky Gyzylsuw adasy gaýtalanmaýan tebigy üýtgeşikligi arkaly ünsüňi özüne çekýär. Awaza birleşip oturan «Tarta» burnunda kenardan 100 metr daş bolmadyk aralykda ýerasty gowaklar bar. Ol ýere düşüp, Hazaryň baý hem özboluşly suwasty dünýäsini synlamak bolýar. Daýwinge höwesekler üçin by ýer tapylgysyz künjekdir.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara syýahatçylyk babatda diňe Aziýa sebitiniň däl, eýsem, bütin dünýäniň ünsüni özünde jemleýär.
Pulat Dosmedow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň mugallymy

RU



