Häzirki döwürde bütindünýä sebitinde daşky gurşawy goramak meseleleri bilen meşgullanýan halkara guramalarynyñ onlarçasy hereket edýär. Olaryñ iñ kuwwatlysy we iñ abraýlysy BMG-dir. Onuñ dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan halkara guramalary bar. Daşky gurşawy goramak meseleleriniň çözülmeginde hem BMG-niň ençeme halkara guramalarynyň orny uludyr. Ol guramalar şulardyr:
ÝUNEP – BMG-niň daşky gurşawy baradaky guramasy 1972-nji ỳylda döredilen.
ÝUNESKO – BMG-niň ylym, bilim we medeniỳet baradaky guramasy 1946-njy ỳylda döredilen.
FAO – BMG-niň oba hojalyk baradaky guramasy, 1945-nji ỳylda döredilen.
WOZ – Bütindünỳä saglygy goraỳyş guramasy, 1946-njy ỳylda döredilen
MAGATE – Atom energiỳasy baradaky halkara agentlilik, 1957-nji ỳylda döredilen.
BMG-niň daşky gurşawy goramak meseleleri bilen meşgullanýan bu ýokarky halkara guramalarynyñ ählisi hem hökümete dahylly guramalardyr.
Häzirki döwürde bütindünýä sebitinde daşky gurşawy goramak meseleleri bilen meşgullanýan hökümete dahylsyz halkara guramalaryna bolsa şu aşakdakylardan ybaratdyr.
IUCN ỳa-da MSOP – halkara tebigaty goramak jemgyỳeti.1948-nji ỳylda Fontenblodda (Fransiỳa) döredildi. Bu guramanyň işi faunanyň we floranyň halkara satuwy baradaky Waşington konwensiỳasynyň (CITES) durmuşa geçirilmegine ỳardam edỳär. Bu gurama ỳitip barỳan görnüşleri Gyzyl kitaba girizmegiň inisiatorydyr.
WWF – ỳabany tebigaty goramagyň bütindünỳä fondy.1961-nji ỳylda dθredilen.Bütin düňỳäde 27 sany milli bölümleri we 5 mln sany meỳletin agzalary bar.
Rim kluby – Adam we tebigat gatnaşyklarynyň sazlaşygynyň möhümligi barada halkalaryň arasynda wagyz işlerini geçirỳän hökümete dahylsyz gurama.1972-nji ỳylda döredildi.
Halkara ekologiki sudy – 1994-nji ỳylda Mehikoda döredildi. Sudyň düzüminde 24 döwletden 29 hukuk goraỳjy-ekologlar işleỳär.
Greenpeace (ỳaşyl düňỳä) – guramanyň maksady daşky gurşawyň bozulmagynyň öňüni almakdyr. 1971-nji ỳylda Kanadada döredildi, 32 döwletde bölümleri we 1,5 mln agzasy bar.
Näzik Muhyýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Oba hojalygynyñ ykdysadyýeti hünäriniň 4-nji ýyl talyby

RU



