Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Bu bolsa durnukly ösüşi gazanmagyň möhüm şerti hökmünde ulag-kommunikasiýa ulgamyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen ulag ulgamyna degişli 4 sany Kararnamanyň kabul edilmegi bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarymyzyň Ýer ýüzünde giň goldawa eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. Şu ýylyň 9-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz guramanyň agza döwletleriniň ulag-logistika merkezlerini döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Bu geljekde gurama agza döwletler bilen ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine ýardam eder.
Şeýle hem şu ýylyň 15-nji noýabrynda paýtagtymyzda «Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» halkara multimodal üstaşyr ulag ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. Bu mejlisde degişli döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda Teswirnama gol çekmegi möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Bilşimiz ýaly, çäk taýdan örän amatly ýerleşýän ýurdumyz soňky ýyllarda sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr hem-de logistik merkez hökmünde ornuny barha pugtalandyryp, özüniň ägirt uly kuwwatyny ählumumy abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalyşýar.
Iri halkara forumlar bilelikdäki işiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmakda, ulag ulgamynyň ählumumy ösüşine ýardam edýän hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny, usullaryny gözlemekde netijeli meýdança bolup durýar. Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli, 26-njy noýabrda paýtagtymyzda «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara maslahatyň hem-de serginiň guralmagy ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, Bitarap Türkmenistanyň bu ugurdaky ornunyň has-da berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen tassyklady. Ulag ulgamynyň ösdürilmegi durnukly ösüşi gazanmagyň möhüm şerti hökmünde kesgitlenilendir. Şunda Bitarap Türkmenistanyň ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ýola goýmakda geografik taýdan amatly ýerleşen sebit bolup durýandygyny nygtamak gerek. Bu hem, öz gezeginde, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetlidir. Tutumly işleri bilen döwletli başlangyçlary öňe sürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Rüstem POLADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener Mehanika fakultetiniň talyby