Arçalar diýenimizde biz diňe bir Täze ýylda ýörite bezeg hökmünde ulanylýan arçalar barada däl-de, eýsem biziň tebigatymyzy hemişe gök öwsüp aýratyn bezeg berýän, belent boýly pürli agaçlaryň dürli görnüşleri barada gürrüň edilýär. Biziň ýurdumyzda häzirki wagtda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigatymyzy, howamyzy hapa galyndylardan arassalamak boýunça birnäçe işler geçirilýär. Şeýle işleri amala aşyrmakda arçalaryň dürli görnüşleriniň ähmiýeti uludyr. Adatça arçalar görnüş aýratynlyklary boýunça birnäçe maksatlarda ulanylýar. Olar özlerinde zyýanly mikroorganizmleri gyryjy fitonsid maddasyny bölüp çykarýarlar, howadaky kömür turşy gazyny sorup alyp, howamyzy kislorod bilen baýlaşdyrýarlar. Mundan başgada-da olar senagatda dürli maksatlar üçin ulanylýarlar. Ýurdumyzda hem olaryň birnäçe görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň esasy görnüşlerine aşakdakylary mysal getirmek bolar:

Türkmen arçasy – Juniperus turcomanica. Beýikligi 10-15 metre ýetýän, ýaýbaň şahaly agaç bolup, beýleki arça görnüşlerinden diňe daglyk sebitlerde ösýänligi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň Köpetdag, Köýtendag, Uly we Kiçi Balkan daglarynda, deňiz derejesinden 800-2800 m beýiklikde ýabany ýagdaýda ösýär. Ýapragy uşak, iňňe şekilli tikenli, uzunlygy 6-8mm, 3sany ýaprajyk bolup birigen. Tohumy iýmiş şekilli gozajykda ýerleşýär. Gozajyk gaty, şar şekilli, gara-gök reňkli, gysgajyk sapakda oturýar. Türkmen arçasy örän haýal ösýär we 600 ýyla çenli ýaşaýar. Agajy jaý we suw hojalyk gurluşygynda ulanylýar. Daglyk ýerlerdäki agaç tokaýlary ýagyş we gar suwlarynyň ýeriň üstündäki akymyny haýalladýar we olaryň topraga endigan siňmegine ýardam edýär, topragy we suwy goramak wezipesini ýerine ýetirýär. Fitonsidleri güýçli bölüp çykarýar. Öz düzüminde köp sanly himiki birleşeleri saklaýanlygy sebäpli türkmen arçasy lukmançylykda köp sanly derman serişdelerini taýýarlamakda, kometika serişdeleri taýýarlamakda we mundan başga-da senagatda dürli görnüşli önümleri almakda giňden ulanylýar. Gür owadan şahalary bolup, bezeg agaçlaryň hataryna girýär. Türkmen arçasy seýilgählerde ýekelikde we toparlaýyn oturtmak üçin ulanylýar.                Häzirki wagta Türkmen arçasy Köpedagyň eteginde Gahryman Arkadagymyzyň 2000 gektar meýdanda döreden arça tokaýlygyna özboluşly bezeg berýär we endemik görnüş hökmünde onuň genefondyny köpeltmek we tebigy arealyny gorap saklamak   boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.

Wirgin arçasy – Juniperus virginiana. Boýy 20-30 metre ýetýän, sütüniniň göwrümi 1 metr bolan elmydama ýaşyl öwüsýän agaç. Ýapraklary çalt ösýän pudaklarynda iňňeşekilli, gögümtil – ýaşyl reňkde bolýar. Wirgin arçasy owadan bezeg agaç. Onuň owadan piramida şekilli gabarasynda gögümtil – gara reňkli miwe şekilli gozalary ony has hem owadan görkezýär. Gozalary 5-8 mm. ululykda bolup, bir ýylda ýetişýär. Tohumlary we çybyklary arkaly köpeldilýär. Bezeg-bagçylykda giňden ulanylýar.

   Gündogar biotasy – Biota orientalis. Gündogar biotasy 100-150 ýyla çenli ýaşaýan, beýikligi 10 m. çenli ýetýän gyrymsy agaç. Pürleri ýaşyl reňkli. Gozalary uzunlygy 1,5-2,5 sm çenli bolýar. Bişmedik gozalary gögümtil, bişenden soňra gara reňkli bolýar. Gündogar biotasy gyrkmaga amatly bezeg ösümligi höküminde birnäçe ýurtlarda ulanylýar. Olardan janly haýatjyklary döretmek, toparlaýyn, ýekelikde oturtmak üçin ulanylýar. Tohumlary, käbir görnüşleri bolsa çybyklary bilen köpeldilýär.

    Arizon serwisi – Cupressus arizonica. Beýikligi 15 m çenli ýetýän agaç. Arizon serwisiniñ ýapraklary ýogyn, gögümtil-ýaşyl reňkli, böleklere bölünen. Gozalary togalak 3 mm çenli, ýetişen wagty gögümtil. Tohumlary bilen köpelýär. Ýylylyk söyüji ösümlik. Şäher şertlerine, tozana we gaza çydamly. Alleýalary döretmek ücin, ýekelikde we toparlaýyn oturtmak üçin ulanylýar.

                                                        Gülzar Ýoldaşowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby