Lukmanyň sözlerine görä, emeli kirpikler gabagyň derisine ýaramaz täsir edip, çiş hadysalarynyň ýüze çykmagyny öjükdirip biler. Şunda kirpikleri berkitmek üçin ulanylýan ýelim aýratyn howp döredýär. Onuň göze düşmesi “keratit” diýlip atlandyrylýan gözüň garagynyň çişme keseline sebäp bolar.
“Munuň özi gözüň öňüniň bulutlanyp, göreji peseltmäge, käbir ýagdaýlarda bolsa ony doly ýitirmäge getirip bilýän çynlakaý keseldir. Eger-de keratitiň alamatlary ýüze çyksa, mümkin boldugyndan oftalmolog lukmana hökman ýüz tutmalydyr” diýip, lukman düşündirýär.
Şeýle-de ol uzaldylan kirpikleriň gabak bilen kirpigara çäge zeper ýetirip, onuň netijesinde göz ýaşardyjy nemi işläp taýýarlaýan kiçijek mäzleriň işiniň bozulmagyna getirip biljekdigini ýaňzydýar. Ýagny munuň netijesinde göz almasynyň nemini çyglandyrýan gözýaş suwuklygynyň möçberi azalyp, bu hadysa gury göz sindromyna getirip biler.
Kakamyrat AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyñ Döwlet Energetika institutynyñ talyby

RU












