Türkmenistanda döwlet Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda, hususy eýeçiligi ösdürmegiň düýbi tutulyp başlandy. Munuň üçin, eýeçiligiň hukuk binýady işlenip düzüldi we degişli guramaçylyk düzümleri döredildi. Şol bir wagtyň özünde-de, ýurduň ykdysadyýetiniň esasyny ýangyç-energetika toplumynyň we önümçilik infrastrukturasynyň uly pudaklarynyň tutýandygy nazara alnyp, ýurduň ykdysadyýetinde hususylaşdyrmak işleri tapgyrlaýyn amala aşyryldy. Telekeçiligiň kiçi we orta görnüşleri halkyň sarp edýän harytlaryny, azyk önümlerini öndürmekde, söwdada we hyzmatda giň gerimde ösdürildi. Ýurtda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hususy eýeçilige daýanyp ösýän edara görnüşli taraplaryň müňlerçesi, şahsy taraplaryň on müňlerçesi işleýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi durnukly we ýokary depginler bilen ösdürmek üçin amatly şertler döredildi. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurdumyzda ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösdürmegiň wajyp düzüm bölegi hökmünde, hususy telekeçiligiň ykrar edilmegine getirdi. Ýöne şeýle özgeriş üçin wagt gerek boldy. Şu ýerde edilen we etmeli işleriň wajyplygyny belläliň. 2008-nji ýylyň 17-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hususy telekeçiligi ösdürmek bilen bagly meselelere bagyşlanan göçme giňişleýin maslahatynda Gahryman Arkadagymyz jemgyýetiň we ykdysadyýetiň ösüşinde telekeçiligiň ornuny häsiýetlendirip, islendik bazar ykdysadyýetinde kiçi we orta telekeçiligiň ykdysady ösüşi, innowasion işleri, işçi güýçleri ýerleşdirmegi, täze iş orunlaryny döretmegi üpjün etmekde möhüm ähmiýeti bardygyny, hususy kärhanalary ösdürmegiň maksatnamasy Türkmenistanda 1998-nji ýyla çenli hereket edendigini, olaryň soňra ulanylmazlygy içerki jemi önümde hususy telekeçiligiň paýynyň, maýa goýumlarynyň möçberiniň hem-de býujetde salgyt tölegleriniň paýynyň kemelmegine getirendigini, mundan başga-da, bu pul serişdeleriniň bank ulgamyndan daşyna gitmegine, resmi däl pul bazarynyň emele gelmegine, milli puluň hümmetiniň pese düşmegine getirendigini belledi. Şol gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredildi. Görşümiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz hususy eýeçilik babatynda döredilýän päsgelçilikleriň wajyp makroykdysady görkezijilere ýetirýän täsirini çuňňur açyp görkezýär we ony aradan aýyrmak boýunça anyk teklipleri öňe sürýär.
Hususy eýeçiligi goldamak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň toplumlaýyn döwlet maksatnamasyny talap edýär. Ol kanunçylygyň hiliniň gowulandyrylmagyny, durnuklylygyny we äşgärligini, şeýle hem adalatly ulanylmagyny öz içine alýar hem-de karz serişdeleriniň elýeterliligini, maliýe pudagynyň ösdürilmegini, býurokratik päsgelçilikleriň aýrylmagyny talap edýär. Mundan başga-da, höweslendiriji we kepillendiriji şertleri döretmek bilen, kiçi hem orta telekeçiligi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek zerurdyr. Bu býujete salgyt we salgyt däl tölegleri, ýurdumyzyň raýatlarynyň girdejilerini hem hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşinde telekeçiler örän uly orun tutýarlar.
Mämmetgulyýew Abdyrahman
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby

RU



