Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ýaşlar hakda uly aladalar edilýär. Çünki ýurduň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüş depgini, halkyň nurana geljegi köp babatda ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly we medeniýetli ýaş nesillere baglydyr. Ýaşlar syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek babatdaky işleriň barha rowaçlanjakdygy aýdyň hakykatdyr.
Islendik döwletiň kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän tutumly işleriniň netijesinde ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmegi, sagdyn bedenli, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin aladalar edilýär. Häzirki taryhy zamanamyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, halkymyza mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemäge, geçmiş taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy kämil bilýän we ony hormatlaýan şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilen çäreler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk babatda zerur şertleriň hem-de möhüm döwlet kepillikleriniň döredilmegine, jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine, şeýle-de olary goldamaga gönükdirilýär. Şoňa görä-de, bu günki günde döwür bilen aýakdaş gadam urýan bagtyýar ýaşlar Watanymyzyň gülläp ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy olarda geljegiň täze menzillerine, ösüşiň ýokary basgançaklaryna ymtylyş döredýär.

HATYJA Gurbanmyradowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Rus dili we edebiýaty fakultetiniñ 214-nji toparynyň talyby