Topragyň astynda döreýän närseleriň biri hem toprakdan kemala gelen ,şol garyndylary topragyň astynda salan , şol ýerde binýat bolan gudratly hazynalar nebit we gazdyr.Bu baýlyk türkmen topragynda irki asyrlardan bäri bardyr, kemala gelýändir we ýene-de kemela geler. Çünki bu topraklarda ykdysady çözgütleriň iň naýbaşy bölegi türkmen topragynda döreýän gaz we nebit önümleridir. Olaryň hem şu dört unsurdan bina bolmasy, ýagny zerrejiklerinde ýaradylyşyň ähli elenmentlerini özünde saklamasy hem- de nä derejede adam üçin peýdaly bolmasy, bu günki gün ünslerini bir ýere jemläp, ýer astynda juda sünnäli nebit alýan buragçylara hem degişlidir.Türkmen tebigatynda häzirki bu güne çenli gazylyp alynýan nebitiňdir , gazyň möçberi ummasydyr we bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen nebit we gaz ulgamynyň sanly ulgama geçmegi döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen ykdysady bazarda öz ornuny tapdy. Häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň kömnegi bilen ösüşlerden ösüşlere beslenýän bu uglamda ösen tehnologiýalaryň kömegi bilen dünýä bazaryna çykmak mümkinçilikleri has-da giňedi. Sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen häzirki döwürde dünýä bazarynyň elektron ýüpek ýoly hem bu işlerde ilkinji hatardadyr. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň göreldeli mekdebinden ruhlanyp, Her ýyl geçirilýän halkara maslahatlarda hem-de konferensiýalardyr , sergilerde Türkmenistan döwletiniň bu uglam boýunça ösüşleri bellenilip geçilmegi biziň başymyzy göge direýär. Türkmen ýaşlarynyň bu ajaýyp ýol ýöreläni baýdak edinip, dünýä tejribesinde özleriniň işewürliklerini artdyrmaklary bolsa, häzirki zaman ösüşler ýurdunda edilýän işleriň oňaýlydygyny ýene bir gezek subut edýär. “Pähim- paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ýylynda ösüşleriň beýik şygaryny baýdak edinen halkymyz hem il- aladasy bilen dem alýan Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ýaşlaryny daşynda jemläp, gelejegi öňünde görmek bilen nebit we gaz ulgamy boýunça ösüşleri hemişeki netijeliliginden hem ýokary götermäge mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzyň gelejegini bolan ýaşlaryň hem-de bu ugurdaky hünärmenleriň we bu ugur boýunça okaýan ýaşlary goldamak, olary bu uglam boýunça geçirilýän halkara bäsleşiklere gatnaşmaga mümkinçilikleriň döredilmegi hem beýik basgançaklaryň nyşanydyr. Nebit gaz ulgamynda komputerler bilen baglanşykly işleri amala aşyrmakda edilýän işleriň has ýokarlandyrmagy bolsa, bizi ýaş nesil hökmünde öňkülerden hem has uly üstünliklere ýetmäge mümkinçilik döredýär. Biziň halkymyz gadymy döwürlerden bäri bir- birege goňşuçylyk gatnaşyklarynda kömek etmek, ýardam bermek hem-de bir-birek bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmak esasynda ýaşaýar. Halkara gatnaşyklardaky ykdysady ösüşleriň sanawynda beýik medeniýetleri öz topraklarynda saklaýan türkmen topragy diňe bir ulgamyň şertlerinde işlemän eýsem üstaşyr geçelgeleriň hem mekanydyr. Şol ugur boýunça ýola goýulýan işler hem türkmen halky hem goňşy döwletler bilen halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen birlikde, ynsanperwer we hoşniýetlilik gatnaşyklarynda hem dünýä ýüzüne görelde görkezýär. Bize bolsa bu ugurda döwrebap ýaşlary tejribeli edip ýetişdirmäge mümkinçilik döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlar aýdýarys. Goý olaryň janlary sag bolsun, başlary dik bolsun, alyp barýan dünýä , admazat gatnaşyklaryndaky işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. Türkmen topragynyň bereketli hazynasy bolsa hiç wagt egsilmesin!
ANNADURDYÝEWA Amanbike
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby
Howandar mugallymy: Allalyýewa Bahargül