Biogeosenoz. Ol ýeriň üst ýüzüniň birmeňzeş bölegi (uçastogy) bolup, onuň kesgitli bir düzümli janly (biosenoz) we abiotik (atmosferanyň ýere golaý ýerleşen gatlagy, gün energiýasy, toprak, çyglylyk we daşky gurşawyň beýleki şertleri) komponentleri bar, Şol komponentler hem maddalaryň aýlanyşygy we energiýanyň akymybilen bir bütewi tebigy topluma birleşýärler.
“Biogeosenoz” (grekçe bio – ýaşaýyş, geo – Ýer, koinos – umumy diýmegi aňladýar) adalgasy ylma ilkinji bolup 1940-njy ýylda görnükli rus alymy, akademik W. N. Sukaçew (1880-1967) tarapyndan girizilýär. Bu meşhur alym biogeosenoz baradaky ylmy düşünjäni hem işläp düzdi.
Biogeosenozyň düzüm bölegine janly we jansyz komponentler girýärler. Biogeosenozyň janly komponentine awtotrof organizmlerprodusentler (ýaşyl ösümlikler), geterotrof organizmler-konsumentler (haýwanlar, kömelekler, bakteriýalaryň köpüsi, wiruslar) we organiki maddalary dargadyjylar-redusentler (kömelekler, mikroorganizmler) degişlidirler.
Biogeosenoz – bu durnukly ekologik ulgam bolup, onda organiki komponentler organiki däl komponentler (toprak, çyglylyk, atmosfera) bilen özara aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Hytaý dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby
Bäşimowa Dinara