Syrýožka – kirpikli kömelekler urugynyň syrýožkalar maşgalasyna degişli. Häzirki wagta çenli onuň 270-e golaý görnüşi bolup, olaryň käbir görnüşleri iýmit üçin ulanylýar. Syrýožka adynyň gelip çykyşy onuň aýratyn, ýagny bişirilende beýleki kömeleklere garanyňda has çalt bişýänligi bilen baglanyşyklydyr. Bu az kaloriýaly iýmit önümi (100 gramynda ortaça 15 kk saklaýar), bolup çalt doýurýar we aşgazanda gaýnaglama emele getirmeýär.

    Syrýožka- uly telpekli kömelek, kirpikleri ak, sary reňkde bolýar. Kirpikleriniň reňkiniň goňur, gara ýa-da gyzylmytyl bolmagy önümiň zaýalanandygyny görkezýär. Syrýožka gyrymsy agaçlaryň, agaçlaryň aşagynda ösýär.

    Kömelekler iýun aýyndan oktýabr aýy aralygynda ýygnalýar. Iýmäge ýaramly ähli görnüşleri süýjümtik tagamlydyr. Ter syrýožka organizmi B1,B2, C, E, PP witaminleri, lesitin, rossulin fermenti, kaliý, kalsiý, magniý, natriý, fosfor we demir bilen üpjün edýär. Baý himiki düzümi bolan bu önüm gantdaky holesteriniň mukdaryny kadalaşdyrmaga, bedeni zyýanly galyndylardan toksinlerden arassalamaga, ganyň goýulygyny kadalaşdyrmaga, tromblary aýyrmaga ýardam edýän antibakterial serişdedir.

                                                                                      Leýla Annaýewa

Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby