Kömelekleriň düzüminde pestisidler, nitrat ýa-da agyr metallaryň nitraty ýok, azodyň mukdary nohutdaky ýaly, fosforyň mukdary balykdaky ýaly, tiaminiň mukdary kelemdäki ýaly, biotiniň mukdary bolsa ýumurtgadaky we süýtdäki mukdaryndan birnäçe esse köp, B witaminler topary beýleki azyk önümlerdäkisinden 10 esse köp, belogyň we uglewodyň mukdary bolsa beýleki azyk kömeleklerinden ep-esli ýokary .

Soňky geçirilen barlaglar kömelekdäki umumy azodyň 69-85%-iniň siňdirilýän belok görnüşindedigini subut etdi. Görnüş tapawudyndan başga-da ondaky belok maddasynyň mukdary ýaşyna we iýmitine baglydyr. Şol kömelekleriň, esasan hem, 5–8 sm ölçegdäkileriniň göbejigindäkä garanda, güberçeginde belok tas 2 esse köpdür. Belokdan başga-da weşenkanyň etinde adam iýmiti üçin beýleki gymmatly maddalaryň köpüsi bar. Ol triptofan, sistin, asparagin turşusy, lizin, alanin ýaly tapylgysyz aminokislotalaryň, şeýle-de B1, B2, B5, PP, H, C we beýleki witaminleriň doly toplumydyr. Düzümindäki В1 we В2 witaminler boýunça weşenkanyň eti çowdary çöreginden, H witamini boýunça bolsa ýumurtga bilen süýtden kem däldir. Ondaky РР witamini droždaky, bagyrdaky mukdary bilen deňdir, В6 witamini bolsa mesge ýagyndakydan az däldir. Bagly aminokislotalar bilen bir hatarda miwe ösüntgilerinde nuklein kislotasynyň, nukleotidleriň, witaminleriň we ş.m. sintezini üpjün etmek bilen, janly öýjügiň belogynyň sintezine, şeýle-de madda çalşyk amalynyň beýleki “zynjyrlaryna” gatnaşyjy erkin aminokislotalar hem bar [1].

Kömelegiň düzüminde adam üçin zerur bolan mineral maddalar bilen ýagly kislotalaryň birnäçesi bar. Weşenkanyň kaloriýalylygy – 300 kkal/kg. Umumy mukdarynyň 2,4% – i azot; 15% – i belok; 0,0015% – i demir; 1,35% – i fosfor; 3,79% – i kaliý (gury massasyndan).

Ýokum gymmatlygy tebigy dürli biologik işjeň maddalaryň barlygy bilen belli edilýär. Çig ýagyň düzümine özboluşly metabolitleriň – sterin, biogenez bilen bagly ýagly kislotalar girýär. Olaryň käbiriniň biologiki işjeňligi bar. Weşenkada tebigy sterin maddalarynyň 12-si ýüze çykaryldy. Miwe etinde we medeni miselisinde düzüm bölegi hökmünde ergosterin, fungesterin, serewisterin bar.

Etdiňkä, ýumurtganyňka, nohutdyňka we çowdaryňka garanda, adaty weşenka kömeleginde azotly maddalar kän. Ondaky belok birleşmeleri gyradeň bölünmedik: göbejigindäkä garanda güberçeginde kän, ýagyň mukdary 1%-den 6%-e çenli we onuň düzümine adam bedeni üçin derwaýys bolan düzüm bölekleri: lisetin, B prowitamini, şeýle-de ýagly kislotalaryň käbiri girýär. Adam bedeni olaryň hemmesini gowy özleşdirýär.

Güberçeginiň miweli gatlagynda ýagyň mukdary has köp, göbejiginde bolsa az. Kömelek özboluşly tagam bilen ys beriji ekstra-işjeň maddalara, şeýle-de iýmitiň ýeňil özleşdiriji we siňdiriji fermentlerine baýdyr. Çalşygyň uçujy önümleriniň çylşyrymly düzümi kömelegiň ysyny emele getirýär. Azyk kömeleginiň köpüsiniň, şol sanda weşenkanyň hem ysyny akefatiki aldegidleriň, ketonlaryň, spirtiň topary emele getirýär. Olaryň arasynda oktan önümleri has köp duşýar, azot düzümli birleşmeler – ýönekeý aminler, amidler, aminokislotalar, glýutamin kislotasynyň ýasamalary we beýlekiler takgaz balygynyň çala bildirýän ysyny berýär.

                                                                                 Maftuna Kulmetowa

                               Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby