Işewür aňyň döremeginde ýazyjy-şahyrlaryň, teatr we kino sungatynyň işgärleriniň, jemgyýeti öwreniji alymlaryň, umuman, döredijilik intelligensiýanyň orny örän uludyr. Häzirki döwürde, meselem, halkymyzyň durmuşyny giňden açyp görkezýän, durmuş hakykatyndan ugur alýan, adamyň ruhy dünýäsine oňyn täsir edýän edebiýat we sungat eserleriniň gerekligi aýdyň duýulýar. Adam jemgyýetde bolup geçýän ol ýa-da beýleki hadysalarynyň şol eserlerde derňewine esaslanyp, onuň ösüşiniň mümkingadarlygyny görse, şolaryň esasynda ol özgerişleriň geljekde mümkin bolup biljek gidişini öňünden aňlap bilýär. Biziň döredijilik intelligensiýamyzyň şu hili eserleri döretmekleri üçin gerek bolan maddy-tehniki bazany kemala getirmäge Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe aýratyn üns berildi we berilýär. Ýurduň paýtagtynda täsin döredijilik şäherjigi döreýär. Şonuň ýaly-da bu ýerde hem-de welaýat merkezlerinde köp sanly medeniýet köşkleriň, teatrlaryň, muzeýleriň ajaýyp binalary we medeni maksatly beýleki desgalar guruldy hem gurulýar. Olar gerek bolan enjamlar, tehniki serişdeler bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda neşirýat işini has-da kämilleşdirmek, telewideniýäniň, radionyň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini düýpli gowulandyrmak üçin uly möçberli maliýe serişdeleri göýberilýär. Medeniýetde we sungatda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär, ýurdumyzda dürli döredijilik forumlary geçirilýär. Ýurduň medeni durmuşynyň ösüşiniň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanyldy. Halkyň medeni mirasyny gorap saklamakda, geljekki nesillere ýetirmekde muzeýler bahasyna ýetip bolmajak işleri ýerine ýetirýärler.

Ýurdumyzda muzeýleriň sany gün-günden artýar. 2009-njy ýylda Türkmenistanyň muzeýleriniň sanawyna Gökdepe söweşiniň taryhyna bagyşlanan milli muzeý hem goşuldy. Ol Gökdepe metjidiniň golaýynda ýerleşip, Watanymyzyň garaşsyzlygy ugrunda janyny gurban eden türkmen halkynyň gahrymanlarynyň hakydasyny ebedileşdiren ägirt uly ýadygärlikler toplumynyň bir bölegine öwrüldi. “Gökdepe” milli muzeýiniň ekspozisiýasynda sowuk we ot açýan.ýaraglaryň täsin kolleksiýasy, söweşe gatnaşyjylaryň lybaslary, arhiw resminamalary we fotomateriallar, şeýle hem maddy medeniýete.degişli zatlar, milli lybaslar, şaý-sepler, halylar we haly önümleri, zähmet gurallary we beýlekiler bar. Muzeýiň esasy eksponatlarynyň biri-de meşhur galanyň diwarlarynyň golaýynda bolan söweşleriň birini suratlandyrýan Gökdepe söweşiniň diagramasydyr. 2010-njy ýylyň başynda Marynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi açyldy. Gadymy Murgap derýasynyň owadan kenarynda, Gowşut han köçesinde ýerleşen muzeýiň gaznalarynda eksponatlaryň-türkmen halkynyň taryhy, medeni we sungat ýadygärlikeriniň 40 müňden gowragy bar. Gadymy milli egin-eşikleri, ajaýyp halylar, halk ussatlarynyň kümüşden ýasan zergärçilik önümleri, bir mahallar medeniýetiň gülläp ösen ýerinde arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan gadymy siwilizasiýanyň genji-hazynalarynyň kolleksiýasy, öýde ulanylýan zatlar, welaýatyň taryhy boýunça resminamalar we beýleki birnäçe eksponatlar muzeýiň tükelleýiş kitaplarynda ýerleşdirilendir. Muzeý ekspozisiýasyny “Galkynyş” zaly açýar, onuň eksponatlary häzirki wagtda gadymy türkmen topragynda bolup.geçýän ägirt uly öz- gertmeler barada gürrüň berýärler. Onuň her bir zalynda türkmen halkynyň medeni mirasy açylyp görkezilen..Şekillendiriş sungaty zalynda taryhy temadaky suratlar, gündogar minýuaturalary, gobelenler, şeýle hem grafika, keramika we.heýkeltaraşlyk eserleri giňden görkezilýär. Bu ýerde Mary topragyny ösdürmek üçin köp iş bitiren, edermen serkerde Gowşut hany suratlandyrýan uly bolmadyk heýkel kompozisiýasy muzeýe gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Taryhçylaryň şaýatlyk etmegine görä, hut Gowşut hana XIX asyryň 80-nji ýyllarynda Merw jülgesi öz galkynyşy üçin borçludyr. Bu muzeýde türkmen ýurdunyň belentliklere galan döwürlerini açyp görkezýän eksponatlar örän kän. Muzeýiň “Arheologiýa” zalynyň ep-esli bölegini gadymy Marguş ýurdundan tapylan eksponatlar düzýär, olaryň ýaşy bolsa 4 müň ýyldan gowraga barabardyr. Türkmeniň geçmiş nesilleri häzirki nesillere bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasy goýup gidipdirler.

Eger muzeýler we kitaphanalar milletiň medeni mirasyny adamlara ýetirýän bolsalar, habar beriş serişdeleri jemgyýetiň şu günki durmuşynda bolup geçýän wakalary adamlara ýetirýärler, mirasymyzy hem wagyz edýärler. Olar adamlary jemgyýeti özgerdijilik işine ugrukdyrmaklykda bahasyna ýetip bolmajak wezipeleri ýerine ýetirýärler. Hut habar beriş serişdelerinden tele görüjiler we radio diňleýjiler, ilki bilen hem ýaşlar jemgyýetiň durmuşy barada maglumatlary alýarlar.

 Rejepbaýewa Ogulbagt

 Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby