Arheologlar bu barada onýyllyklardyr duýduryp geldiler, ine, indi olaryň çaklamasy dogry bolup çykdy: Özbegistan bilen Gazagystanyň serhedinde ýerleşýän Aral deňzi düýbünden ýok boldy diýerlikdir. Netijede, sebit üç million adama täsir eden iri ekologik heläkçilik bilen çaknyşdy.
1960-njy ýyllara çenli kölüň meýdany 68 müň inedördül kilometre ýetýärdi, emma 2015-nji ýylda suw howdanynyň köp bölegi çaňap ýatan Aralgum çölüne öwrüldi. Soňky hasaplamalara görä, ondan häzir diňe 8 müň inedördül kilometrlik suw galdy.
Deňziň guramagy sebitde howa tozanynyň möçberiniň iki esse artmagyna getirdi: her ýyl zäherli tozanyň we duzuň 27 million töweregi tonnasy asmana göterilýär. Olary şemal ýüzlerçe kilometre äkidip, howanyň hiliniň ýaramazlaşmagyna hem-de buzluklaryň eremeginiň çaltlaşmagyna ýardam edýär. Duzly harasatlar hasyly ýok edýär, içimlik suwy hapalaýar.
Bu heläkçilige öňki SSSR-iň gowaça meýdanlaryny suwarmak üçin Amyderýanyň hem-de Syrderýanyň akymynyň üýtgedilmegi sebäp boldy. 7 million gektary tutýan suwaryş ulgamy deňziň çalt guramagyna getirdi, ony birnäçe uly bolmadyk böleklere bölüp, ekoulgamy hatardan çykardy. Suw ummanyň suwundan hem ajy boldy, bu bolsa, öz nobatynda ýerli görnüşleriň köpüsiniň ölümine sebäp boldy. Terk edilen balyk tutulýan gämiler deňziň guran düýbünde pos basyp agaryşyp ýatyr, olar ýok bolan balykçylyk hojalygynyň nyşanyna öwrüldi.
Aralgumuň tozany aýratyn howply: onuň düzüminde sowet döwründe synagdan geçirilen ýaraglardan, dökünlerdir pestisidlerden galan himikatlar bar. Bu ýerli ýaşaýjylaryň arasynda dogabitdi kemislikleriň hem-de keselleriň sanynyň artmagyna getirdi. Zäherli tozanyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin häkimiýetler öňki deňziň düýbüni bagy-bossana öwürmäge synanyşýarlar.
Kakamyrat RAHYMOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
4-nji ýyl talyby