Saud Arabystanmy? Russiýa Federasiýasy? ABŞ?

Aslynda, Hytaý döwleti gidroelektrik, ýel we gün energiýasy boýunça dünýäde iň uly öndüriji hasaplanylýar. Şeýle hem Hytaý kömür öndürýän iň uly ýurt bolup, dünýädäki kömüriň ýarysyny öndürýär.

Dünýädäki iň uly nebiti we tebigy gazy öndüriji hökmünde ABŞ dünýädäki nebitiň 17 göterimini we tebigy gazyň 23 göterimini öndürýär.

Hytaýyň energiýa hökmünde umumy kömür önümçiligi ABŞ-nyň nebit, tebigy gaz we kömür önümçiliginden has köpdir.

Hytaýyň dünýä kömür bazarynda agdyklyk edýän derejesinde hiç bir energiýa çeşmesi öndürilip bilinmez. Hytaý kömürden sarp edilýän energiýanyň umumy mukdarynyň 58 göterimini kanagatlandyrýar. Hytaýdan başga dünýäniň beýleki ýurtlary üçin bu görkeziji 17 göterim. Bu ýagdaý uglerod zyňyndylary üçin gaty agyr netijelere getirýär. Soňky ýyllarda beýleki ösen ýurtlarda, esasanam ABŞ-da uglerod zyňyndylary azalmagyny dowam etdirdi, ýöne Hytaýda ýokarlandy. Soňky ýyllarda ABŞ-da ep-esli nebit we slanes gazy öndürildi, emma Hytaý energiýa önümçiliginiň ýyllyk ösüşi boýunça dünýäde geçen ýylda hem ýene-de birinji ýeri eýeledi.

ABŞ-nyň Energetika ministrligi ABŞ-nyň 1952-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ähli energiýa çeşmelerinde özüne ýeterlik bir ýyly başdan geçirendigini habar berdi. Beýleki tarapdan, Hytaý 1990-njy ýyllaryň ortalaryna çenli öz energiýa çeşmeleri bilen kanagatlansa-da, soňky 25 ýylda dünýäde iň uly energiýa import edijisine öwrüldi.

Hytaý dünýä ilatynyň 18% -ini, dünýä ykdysadyýetiniň 16% -ini tutýar, dünýä energiýa çeşmeleriniň bolsa 20% -ini öndürýär we 24% -ini sarp edýär. ABŞ dünýä ilatynyň 4% -ini, dünýä ykdysadyýetiniň 24% -ini, dünýä energiýa çeşmeleriniň 16% -ini öndürýär we 16% -ini sarp edýär.

 Çeşme: Baker institutynyň Energetika merkezi

   Begmyrat ARSLANOW

Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň Senagat tehnologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby