Müsürdäki Giza piramidasynda geçirilen täze gözlegler bu taryhy gurluşyň diňe bir faragonyň gubury bolman, eýsem ullakan elektrik bekedi hökmünde hem işleýändigini ýüze çykardy. Alymlar 4600 ýyllyk gurluşy elektromagnit tolkunlary bilen gözden geçirenlerinde, energiýanyň käbir otaglarda we bazanyň töwereginde jemlenendigini we güýçlenendigini anykladylar.

Geçirilen gözleglerde piramidanyň Patyşa otaglarynda we gurluşyň aşagyndaky otagda energiýa toplanmagy hasaba alyndy. Gözlegçiler piramidanyň elektromagnit tolkunlary almak üçin döredilen uly rezonator bolup biljekdigi barada netijä geldiler.

Piramidany birnäçe ýyl bäri öwrenýän aerokosmik inžereneri Kristofer Dunn bu gözlegleriň gurluşygynda has uly maksadyň bardygyny aýtdy.

Dunn piramidanyň amaly funksiýasy bolmadyk bölekleriniň ýokdugyny we müsürlileriň gaty ösen bilimleriniň bolmagy mümkin diýip belledi.

Russiýada ITMO uniwersiteti tarapyndan 2018-nji ýylda geçirilen gözleg piramidanyň radio ýygylyklary bilen baglanyşykly tolkun uzynlyklaryna bolan jogabyny gözden geçirdi.

  Söhbet SETDAROW

  Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby

TKA-nyň talyp hakynyň eýesi