Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mermer binalara beslenen gözel Aşgabadymyzyň gününi bellemek indi asylly däbe öwrüldi. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe günlerimiz bagtyýarlyga beslenip, baýramlarymyz baýramlara, toýlarymyz toýlara ulaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni bellenilip geçilýär.

Milli Liderimiz tarapyndan her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda uludan bellenilýän baýramçylyk senelerimiziň üstüni ýetirdi. Baş şäherimiziň gününiň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlarynyň «Soňky jaň» dabarasyna gabat gelmegi milli baýramlarymyzyň senenamasynda goşa baýramy emele getirdi. Her ýylyň 25-nji maýy — ak şäherimiziň hem-de mekdep uçurymlarynyň güni hökmünde göwnümizi galkyndyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gözelligiň, bagtyýarlygyň, rahatlygyň hem-de juwanlygyň şäheri öwrülen ak şäherimiz Aşgabat Aziýanyň merjenine deňelýär. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda ady ençeme gezek ýazylan Aşgabadyň häzirki ajaýyp zamanamyzda — Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýeten derejesi bütin halkymyzy buýsandyrýar.

Aşgabat Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty hökmünde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda esasy orun eýeleýär. Çünki, Köpetdagyň eteginde täsin sungat eserine çalymdaş bolup görünýän türkmen paýtagty ykdysady, syýasy ösüşler bilen birlikde medeni özgertmeleriň hem mekany hökmünde tanalýar. Şoňa görä-de, Aşgabat şäheri şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalaryna laýyklykda yzygiderli ösdürilýär, abadanlaşdyrylýar, tapgyrlaýyn esasda täzeden gurulýar.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheri özboluşly edara binalary, has oňaýly ýaşaýyş toplumlary, senagat kärhanalary, söwda nokatlary, myhmanhanalary, muzeýleri, teatrlary, medeniýet we bilim ojaklary, saglygy goraýyş we sport desgalary, döwrebap köçeleri, ýollary, köprüleri, dynç alyş merkezleri, bagy-bossanlygy, arassalygy bilen dünýäniň nusgalyk şäherine öwrüldi.

Allaberdi Nerow,

Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň tälimçi mugallymy.